Türkiýäniň neolit döwrüne degişli Karahantepe gadymy ýadygärligini gorajak saýa gurular
27.03.2025 | 12:55 |Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň Şanlyurfa şäherinde ýerleşýän neolit (giçki ýa-da täze daş asyry) döwri bilen senelenilýän Karahantepe ýadygärligi, dünýäniň iň gadymy arheologik ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar. Bu ýerde gadymy galyndylary howa şertlerinden, ýagyşdan, gardan, güneşden we beýleki daşky täsirlerden goramak maksady bilen gorag üçegi gurlar.
Gorag saýasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan ýurtda geçirilýän arheologiki gazuw-agtaryş şeýle hem rejeleýiş işlerini ýylyñ ähli paslynda hem alyp barmak başlangyjyndan ugur alyp “Geljege miras” atly taslamanyñ çäklerinde bina ediler. Şunlukda, üçegiñ gurulmagy bilen Karahantepäniñ müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhyny gorap saklamak, çuňňur öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek maksat edinilýär.
Umumy meýdany takmynan bäş müň inedördül metre barabar bolan üçek taslamasy, taryhy ýadygärligi howanyñ ýaramaz täsirinden goramak üçin niýetlenendir. Onuň tolkunly keşbi toprak bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär, gözenekleri bolsa kadaly howa çalşygyny üpjün eder. Taslamanyñ modully dizaýny arkaly sütünleriň sanyny azaltmak we gazuw-agtaryş meýdançasynyň özboluşly häsiýetini gorap saklamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem, taslamanyñ çäklerinde bu ýerde gazuw-agtaryş işleriniň mundan beýläk-de dowam etmegi bilen geljekdäki göwrüminiñ giñäp ýaýramagyny hem göz öñüne tutýar.
Karahantepe-taryhdan öňki siwilizasiýalaryň syrlaryny äşgär edýär
Miladydan öňki IX-njy müňýyllykda kemala gelen Karahantepe - Türkiýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen hem-de onuñ aýawly saklanmagyny üpjün etmäge gönükdirilen «Taş Tepeler» (Daş depeler) atly arheologik taslamasynyñ çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykaryldy.
Taş Tepeler, Şanlyurfa welaýatynda we onuň daş-töwereginde mesgen tutan örän uly neolit jemgyýetleriñ döreden hemişelik oturymly ýerlerini we ýörite maksatlar üçin guran ýadygärlik desgalaryny öz içine alýan sebit bolup durýar. Şol sebitde Saýburç, Sefer depe, Harbetsuwan depesi, Gürjü depe, Çakmak depe, Medik, Kurt depesi, Taşly depe, Aýanlar, Ýogunburç we Ýeni Mahalle ýaly köp sanly ýadygärlik desgalary bar.
Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen dün¬ýä¬niň iň gady¬my des¬ga¬la¬ry¬nyň bi¬ri ha¬sap¬lan¬ýan Göbeklitepe we Karahantepe ýadygärlik desgalary hem degişlidir. Häzirki wagtda taslamanyň çäklerinde dokuz ýerde gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar.
Karahantepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde arheologlar topragyñ üstünde ýüzlerçe dik duran daşlary, şeýle-de adamyñ we haýwanyñ heýkelleri bilen bezelen jemgyýetçilik desgalaryñ ýerleşen ýerlerini ýüze çykardy. Göbeklitepede hem muña meňzeş ýadygärlik desgalaryñ tapylmagy taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykardy. Soñky geçirilen barlaglarda tapylan pik¬tog¬ram¬ma gör¬nü¬şin¬dä¬ki ýabany haýwanyñ hereketini suratlandyrýan gazma nagyşlar ozalky täsin tapyndylaryň üstüni ýetirdi. Şeýle ajaýyp açyşlaryň netijesinde Karahantepe, Hytaýda 2023-nji ýylynda geçirilen Şanhaý Arheologiýa Forumynda «Ylmy Barlag we Gözleg Meýdany» atly dokuz möhüm taslamanyň biri hökmünde saýlandy.