Iň täze habarlar

Gresiýada geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň mekdep okuwçylary iki bürünç medal gazandy

16.04.2025 | 20:55 |
 Gresiýada geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň mekdep okuwçylary iki bürünç medal gazandy

13-15-nji aprel aralygynda Gresiýanyň Rodos şäherinde çagalaryň-ýetginjekleriň arasynda çalt küşt (rapid) görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Biziň watandaşlarymyz – Mary welaýatyndan 7 ýaşly mekdep okuwçysy Anna Çaryýewa we Lebap welaýatyndan 14 ýaşly Jahan Rejepowa dagylar biziň ýurdumyzyň adyna iki sany bürünç medal gazandylar.

8 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda Anna mümkin bolan 11 utukdan 8 utuk toplap, diňe Gazagystandan geljekki çempion Alişa Bissaliýewadan we Hindistandan kümüş medal gazanan Anwi Diipakdan asgyn geldi. Mary welaýatynyň 25-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Anna, Türkmenistanyň hormatly tälimçisi Ejegyz Ýalkanowanyň we geljegi uly ýaş tälimçi Serdar Ýalkanowyň şägirdidir.

Anna Charyyeva 3.jpg

Yzly-yzyna ýene bir ýeňlişinden soň (ikinji gezekde wýetnamly türgenden ýeňilýär), Jahan ahyr soňy özüni ele alyp, ýaryşy ilkinji üçlükde tamamlamagy başarýar. Şu ýylyň fewral aýynda Jahan ýurduň zenanlarynyň arasynda geçirilen çempionatda türkmen küştiniň taryhynda iň ýaş çempion bolandygyny ýatlamalydyrys. Şeýle hem, Gazagystanda ýaňy-ýakynda tamamlanan Aziýa zolagynyň çempionatynda (3.4 zona) üstünlikli çykyş edip, sebitdäki iň güýçli küştçileriň toparynda mynasyp 4-nji ýeri eýeledi. Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy tejribeli tälimçi Zumrat Açilowanyň ýolbaşçylygynda tälim alýar. 16 ýaşa ýetmedik gyzlar arasynda bäsleşen Jahan hem 8 utuk toplady. Ikinji tapgyrda Jahan ýaryşyň geljekki çempiony Elnaz Kaliakhmedi (Gazagystan) ýeňmegi başardy we 5 tapgyryň netijeleri boýunça öňdeligi saklap gelýärdi, emma 6-njy tapgyrda ýaryşyň geljekki kümüş medalçysy Russiýaly Iren Lutsingerden ýeňildi.

Jahan Rejepova 2.jpg

Beýleki watandaşlarymyz hem ýaryşyň ahyrynda baýrakly ýerler üçin bäsleşdiler.

18 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda Leýla Şöhradowa (Lebap) mümkin bolan 11 utukdan 7 utuk toplady we diňe goşmaça görkezijiler boýunça asgyn gelmegi bilen bürünç medaly gazanyp bilmedi . Netijede, Leýla ýaryşyň sanawynda 5-nji ýeri eýeledi.

Shohradova, Leyla.jpg

12 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda, 9-njy tapgyrdan soň, “Küşt Älemi” küşt akademiýasynyň okuwçysy Nurana Söýünowa 4-6-njy orunda barýardy, ýöne 10-njy tapgyrda Nurana geljekki çempion Russiýaly Alisa Ýunkerden ýeňildi we netijede 7-nji orun bilen kanagatlanmaly boldy.

Muradov, Hangeldi.jpg

Şeýle hem, Lebap welaýatyndan türkmen küştüniň iň ýaş ýyldyzy 6 ýaşly Hangeldi Myradow, 48 ýurtdan 433 gatnaşyjynyň arasynda iň ýaş küştçi bolup, ynamly çykyş edendigini bellemelidiris. 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Hangeldi bir ýaş, hatda iki ýaş uly küştçileri ýeňdi we mümkin bolan 11-den 6.5 utuk gazandy. Netijede, türkmenistanly ýiti zehinli küştçi 48 gatnaşyjynyň arasynda 12-nji ýeri eýeledi.

16-njy aprelde Rodos şäherinde blits boýunça ýaryş başlady, bu ýerde biziň türgenlerimiziň rapid görnüşindäki ýaryşda üstünlikli çykyşlaryny gaýtalamak ýa-da netijilerini ýokarlandyrmak üçin deň mümkinçilikleri bar.

Group Photo.jpg

Ýaryş baradaky maglumatlar şu salgyda elýeterlidir

ORIENT

Foto: ШФТ

Şeýle hem okaň: