Daşkentdäki Hazarüsti geçelgesi boýunça forumy ÝB-niň arabaglanşyk boýunça taslamasy üçin meýdança bolar
21.10.2025 | 16:16 |20-nji oktýabrda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Lýuksemburgda ÝB-niň Daşary işler boýunça geňeşiniň mejlisinden soň geçirilen ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy.
Forumyň işine ÝB-a agza döwletler, şeýle hem Merkezi Aziýa hem-de Gündogar hyzmatdaşlygy ýurtlary (Ermenistan, Azerbaýjan, Moldowa, Ukraina) şeýle hem Türkiýe gatnaşdy. Mejlis Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, wise-prezidenti Kaýa Kallasyň, şeýle hem Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň we Marta Kosyň bilelikde başlyklyk etmeginde geçirildi.
Mähri Bäşimowa mejlisde çykyş edip, Türkmenistanyň ÝB bilen ynanyşmaga, hormata we deňhukuklylyga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge maksat edinýändigini tassyklady.Türkmen tarapy mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi:
Ulag infrastrukturasyny: Häzirki zaman we durnukly ulag infrastrukturasyny Hazarüsti geçelgesine aýratyn ähmiýet bermek bilen ösdürmek.
Energetika arabaglanyşygy: ÝB bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda SECCA maksatnamasyna goldaw bermek, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we wodorod tehnologiýalary babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmek.
“Ýaşyl” gün tertibi: Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin merkezi, Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyçlary hem-de Hazar ekologiýa başlangyjyny ösdürmek ýaly ugurlary ilerletmek.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Ýewropa Bileleşigi Baglanyşyk gün tertibini durmuşa geçirmek üçin utgaşdyryjy çarçuwanyň taýýarlanýandygyny mälim etdi. Bu uly göwrümli taslama döwletleriň, halkara maliýe düzümleriň we hususy pudagyň gatnaşmagynda durmuşa geçiriler.
Onuň esasy tapgyry, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkentde geçiriljek Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça maýa goýum forumy bolar. Hut şol meýdnaçada utgaşdyryş çarçuwasynyň taslamasy hödürlener we ara alnyp maslahatlaşylar.
ÝB-niň işleri bar bolan tejribäniň kartalaşdyrylmagy we zerurlyklaryň seljerilmeleri bilen alnyp barylar, bu bolsa ileri tutulýan maýa goýumlaryny we “ýumşak” arabaglanyşyk çärelerini kesgitlemäge mümkinçilik berer. Duşuşyga gatnaşyjylar bir ýyldan şu formatda ýene-de duşuşmak barada ylalaşdylar.
ORIENT