Iň täze habarlar

Bagdatda türkmen-yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi we ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy

21.10.2025 | 16:36 |
 Bagdatda türkmen-yrak syýasy geňeşmeleri geçirildi we ykdysady gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti 20-21-nji oktýabrda Yragyň Bagdad şäherinde iş saparda boldy. Saparyň maksady iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirmekden ybarat.

Yragyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mohammed Bahr Al-Ulum bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar: syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hyzmatdaşlykdan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara çenli.

Diplomatlar ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar.

Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnamalaryň hukuk binýadyny giňeltmek barada hem pikir alyşylydy.

Diplomatlar parlamentara dostluk toparlaryny döretmek arkaly parlamentara gatnaşyklaryny berkitmegiň möhümdigini bellediler, şeýle-de halkara guramalarynyň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

21102025-turkmenistan-irak-politconsultacii-bagdad (1).jpg

Şeýle hem saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Yragyň Söwda palatalar federasiýasynyň başlygy Abdul Razzak Al-Zuhaýri bilen duşuşyk geçirdi.

Bu duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň uly mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny, Türkmenistanda we Yrakda geçirilýän halkara ykdysady forumlara, sergilere we işewür duşuşyklara işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

ORIENT

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: