Iň täze habarlar

Hytaý diliniň halkara güni Aşgabatda şöhle saçýan medeni festiwala öwrüldi

17.04.2025 | 22:45 |
 Hytaý diliniň halkara güni Aşgabatda şöhle saçýan medeni festiwala öwrüldi

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde her ýyl 20-nji aprelde bellenilýän Hytaý diliniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäresini geçirdi.

17042025-den-kitajskogo-yazyka-v-ashhabade.jpg

Ýurduň öňdebaryjy dil bilimi boýunça ýokary okuw mekdebiniň binasynda guralan dabarada HHR-niň ilçihanasynyň geňeşçisi Çon Huan gatnaşdy. Hakyky hytaý medeniýetiniň festiwalyna öwrülen dabaranyň dowamynda gadymy we häzirki Hytaýyň baý dünýäsi gatnaşyjylary hem-de myhmanlary özüne çekdi.

день китайского языка в Ашхабаде (1).jpg

Myhmanlary Hytaýyň köptaraply medeni mirasyny görkezýän sergi garşylady. Stendlerde däp bolan hytaý lybaslary, amaly-haşam sungatynyň önümleri, kalligrafiýa we suratkeşlik nusgalary, şeýle hem hytaý dili we medeniýeti boýunça kitaplar hem-de okuw esbaplary görkezildi.

день китайского языка в Ашхабаде (2).jpg

Isleg bildirýänleriň hemmesi gadymy siwilizasiýanyň atmosferasyna aralaşyp, onuň baý taryhy, pelsepesi we häzirki zaman üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

день китайского языка в Ашхабаде (2).jpg

Dabaranyň esasy pursady hytaý dilinde çykyş etmek boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleriniň jemlenmegi boldy. Hytaý dilinde söz ussatlygy boýunça özbaşdaklygyny görkezýän bu ýaryşa Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde hytaý dilini öwrenýän talyplar gatnaşdylar. Bäsleşigiň temasy “Bütin dünýä – bir maşgaladyr” diýen şygar boldy. Bu şygar halklaryň özara düşünişmek we bitewülik islegini alamatlandyryp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ideýalary bilen utgaşdy.

день китайского языка в Ашхабаде (5).jpg

Bäsleşige gatnaşanlar çykyş etmek başarnyklaryny, temany çuňňur düşünýändiklerini we ajaýyp sözleýiş ussatlygyny görkezmek bilen, halklaryň agzybirligi we hyzmatdaşlygy baradaky garaýyşlaryny açyp görkezdiler. Çykyşlara Hytaý Halk Respublikasynyň ilçihanasynyň wekillerinden hem-de ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hytaý dili mugallymlaryndan düzülen ökde eminler topary baha berdi. Bäsleşigiň ýeňijileri we tapawutlanan gatnaşyjylar hormatly hatlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.

день китайского языка в Ашхабаде (9).jpg

Bäsleşigiň netijelerine boýunça, birinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 3-nji ýyl talyby Şirin Muhammetgurbanowa mynasyp boldy. Ikinji orny bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Sabina Şöhratjanowa bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Nigora Gurbanowa paýlaşdylar. Üçünji orna bolsa Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2-nji ýyl talyby Soltan Nurmämmedowa hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 3-nji ýyl talyby Amandursun Geldimyradowa dagylar mynasyp boldular.

день китайского языка в Ашхабаде (8).jpg

Baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin beren zat zehinli ýaşlaryň döredijilik çykyşlary boldy. Dabaranyň maksatnamasyna hytaý hem-de türkmen halk döredijiliginden ylham alan ajaýyp tansly çykyşlar girizildi. Talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdymlary bolsa olaryň hytaý diline ýokary derejede erk edýändiklerini we artistlik ussatlygyny görkezdi.

день китайского языка в Ашхабаде (6).jpg

Hytaý diliniň güni 2010-njy ýylda BMG esaslandyrypdy — köp dilliligi we medeni dürlüligi bellemek we Guramanyň ähli alty resmi diliniň deň derejede ulanylmagyny öňe sürmek maksady bilen döredildi.

Ilkinji gezek Hytaý diliniň güni 2010-njy ýylyň 12-nji noýabrynda bellenilipdi. Emma 2011-nji ýyldan başlap her ýylyň 20-nji aprelinde bellenilip başlandy. Bu sene Çin neberesiniň hytaý senenamasyndaky Guýu aýynyň başyna takmynan gabat gelýär. 20-nji aprel senesi "takmynan 5 müň ýyl ozal hytaý elipbiýini oýlap tapandyr diýip çaklanylýan San Szeniň hormatyna saýlandy.

день китайского языка в Ашхабаде (7).jpg

Hytaý dili baradaky gyzykly faktlar:

Hytaý dili dünýäniň iň gadymy dilleriniň biridir, bu dilde gürleýänleriň umumy sany 1,3 milliarddan geçýär.

Hytaý dili dünýäniň iň çylşyrymly dilleriniň biri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendir.

Bu dil sino-tibet dil maşgalasyna degişli. Munuň ýaly hytaý dili ýok, jemi takmynan on şiwä bölünýär. Şeýlelikde, bu dil birmeňzeş däl-de, köpdürlülik bilen tapawutlanýar.

Hytaý dilindäki ierooglifleriň iň doly sözlügi 1994-nji ýylda neşir edilen we 87 019 ieroglifi öz içine alýar (beýleki çeşmelere görä, 1994-nji ýylda neşir edilen Çžunhua Szyhaý sözlügine görä, hytaý dilinde 85,568 ieroglif bar, gündelik aragatnaşyk üçin 3-5 müň simwoly bilmek ýeterlikdir).

Hytaý dili Hytaý Halk Respublikasynyň, Taýwanyň we Singapuryň döwlet dilidir. ABŞ-nyň käbir ştatlarynda, aýratyn-da Nýu-Ýorkda ähli resmi resminamalar hökmany suratda hytaý diline terjime edilýär.

Bu dikde gürleýänleriň örän köpdügi sebäpli hytaý dili BMG-niň alty resmi we iş dilleriniň hataryna girizildi. Her ýyl BMG-niň sekretariatynda diller günlerine bagyşlanan çäreler geçirilýär. Hytaý diliniň gününde bolsa däp bolşy ýaly, Hytaý ussatlarynyň döreden sungat eserleriniň sergileri, konsertler hem-de söweş sungaty mekdepleriniň görkezme çykyşlary geçirilýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: