Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bardy
21.04.2025 | 17:55 |Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bardy.
Türküstan şäheriniň howa menzilinde ýokary derejeli myhmany Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady.
Saparyň çäklerinde resmi däl duşuşyklar we şäheriň birnäçe ýerlerine barlyp görülmegi meýilleşdirilen.
Şu gün, 21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Gazagystanyň Prezidenti türki dünýäsiniň iň uly ruhy we taryhy-medeni ýädigärlikleriniň biri bolan Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine baryp gördüler. Bu taryhy ýädigärlik ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.
Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlar görnükli akyldary hormatladylar, şeýle hem bu taryhy ýädigärlikde işjeň ýagdaýda alnyp barylýan dikeldiş we ylmy-barlag işleri bilen tanyşdylar diýip, Akordanyň metbugat gullugy habar berýär.
ORIENT