Iň täze habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäheriniň syýahatçylyk taslamalary bilen tanyşdy

21.04.2025 | 20:25 |
 Türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäheriniň syýahatçylyk taslamalary bilen tanyşdy

Gazagystanyň Türküstan şäherine amala aşyrýan saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen bilelikde “Turkistan visit centre” baryp gördi.

Ýokary derejeli myhmanlara 27 gektar meýdanda arheologiki gazuw-agtaryş işleri tamamlanan Költöbe gadymy şäherçesini ösdürmek we abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan taslamalar, taryhy ýadygärligi muzeýleşdirmek barada maglumat berildi.

Şeýle hem ýakyn wagtda açylmagy meýilleşdirilýän Senetçiler merkeziniň konsepsiýasy görkezildi. Bu ýerde senetçiler ussahanalary, milli naharhanalar merkezi, gündogar bazary we myhmanhanalar ýerleşdiriler.

25-nji martda “World Craft Council” halkara guramanyň çözgüdi bilen Türküstan “Senetçileriň şäheri” diýen derejä eýe boldy.

Mundan başga-da, Gazagystanyň Prezidentine we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähiniň degişli täsin taryhy gymmatlyklar görkezildi diýip, Akordanyň habarynda aýdylýar.

ORIENT

Foto: Акорда

Şeýle hem okaň: