Iň täze habarlar

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bilermenleri türkmen talyplaryna gender deňligi bilen howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça hereketleriň özara baglanyşygy barada gürrüň berdiler

23.04.2025 | 09:55 |
 BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bilermenleri türkmen talyplaryna gender deňligi bilen howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça hereketleriň özara baglanyşygy barada gürrüň berdiler

Bütindünýä Ýer gününiň bellenilýän 2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy Türkmenistandaky edarasy “Gender deňligi – parahatçylyga we ynanyşmaga tarap ýol” atly ýyyň dowamynda geçiriljek kampaniýasynyň çäklerinde Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary üçin öwrediji sessiýasyny geçirdi.

Çärede gender deňligi bilen howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça hereketleriň özara baglanyşygyna üns berildi, ýagny howanyň üýtgemegine garşy göreş boýunça netijeli çäreler gender taraplaryny hem göz öňünde tutmalydyr.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň bilermenleri zenanlaryň diňe bir howa bilen baglanyşykly çagyryşlara uýgunlaşmaklaryna däl-de, eýsem durnukly çözgütleriň öňdebaryjylary bolmaklaryna gönükdirilen guramanyň toplumlaýyn çemeleşmesi barada gürrüň berdiler. Bu hem zenan telekeçiliginiň ösmegine, zenanlar tarapyndan ekologiýa taýdan arassa işiň döredilmegine ýardam bermegi öz içine alýar.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerde, esasan hem, uýgunlaşmak strategiýalaryny işläp taýýarlamakda zenanlara öňdebaryjy bolmak üçin zerur bolan bilimleriň we mümkinçilikleriň berilmegi has durnukly we inklýuziw geljegiň gurulmagynda nobatdaky ädim bolup hyzmat edýär.

ORIENT news

Foto: BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: