Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Samarkanda sapary tamamlandy

24.04.2025 | 20:00 |
 Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Samarkanda sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Samarkand şäherine sapary tamamlandy.

Saparyň iki günlük maksatnamasynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler, “Baky şäher” taryhy-etnografiki toplumyna baryp gördiler we “Wagtyň salgymlary atly” sergisi bilen tanyşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň “Oliý Daražali Dustlik” ordeni bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

vizit-predsedatelya-halk-maslahaty-turkmenistana-v-samarkand (2).jpg

Saparyň ahyrynda Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Samarkandyň halkara howa menziline çenli ugratdy.

ORIENT

Foto: president.uz

Şeýle hem okaň: