Iň täze habarlar

GDA ýurtlary üçin Intellektual eýeçiligiň kodeksi bilen tanyşdyryldy

25.04.2025 | 10:53 |
 GDA ýurtlary üçin Intellektual eýeçiligiň kodeksi bilen tanyşdyryldy

2025-nji ýylyñ 23-nji aprelinde Sankt-Peterburgyñ döwlet kino we teleýaýlymlar institutynda geçirilen maslahatynda Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) agza ýurtlary üçin Intellektual eýeçiligiň kodeksi bilen tanyşdyryldy. Bu çäre 26-njy aprelde bellenilýän Halkara intellektual eýeçiligi güni mynasybetli geçirildi.

Maslahat "Geljek üçin intellektual eýeçilik" atly VI Halkara forumynyñ bir bölegi boldy.

Awtorlyk hukuklaryny dolandyrmagyñ derwaýys meseleleri baradaky maslahatlaşmalara GDA-nyñ Parlamentara assambleýasynyñ Hemişelik komissiýasynyñ medeniýet, maglumat, syýahatçylyk we sport boýunça sekretary Igor Minin gatnaşdy. Ol 2024-nji ýylyň noýabrynda kabul edilip, milli kanunçylygyñ intellektual eýeçiligi babatynda mümkinçiliklerini giñeldÿän Kodeksiñ täze redaksiýasy barada gürrüñ berdi.

Resminamada intellektual eýeçiligiň obýektleriniñ görnüşleri, olaryñ hukuk goraglylygynyñ şertleri we intellektual hukuklaryñ subýektleriniň düzümi tassyklanylýar. Hukuk goraglylygyñ obýektleriniñ sanawyna jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýän kompýuter ulgamlaryñ we emeli añyñ işleriniñ netijeleri hem girizildi.

Maslahatda döredijilik sungatynda awtorlyk hukugy, eserlerden erkin peýdalanmak we taslama işiniñ intellektual önümleriñ hukuk goraglylygynyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Foto: reasons-law.ru

Şeýle hem okaň: