Türkmen halk sazlary - geljekki sazşynaslar üçin ylham çeshmesidir
27.04.2025 | 23:15 |Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ýurdumyzda geçmişimizi, taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ine, şu maksat bilen ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Milli saz gurallary” muzeýinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy, kompozitor Kerim Jumagulyýewiň we “Saz teoriýasy” bölüminiň 10-njy synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Türkmen halk saz döredijiligi” dersi boýunça ekskursiýa görnüşde açyk sapagy geçirildi.
Mugallym Kerim Jumagulyýewiň beren gürrüňine görä, bu gezekki açyk sapak 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň Milli muzeýimizde “Türkmen sazyna syýahat” temasy boýunça geçirilen ekskursiýa-sapagynyň dowamydyr.
Ýurdumyzyň ýeke-täk saz gurallary muzeýinde adaty bolmadyk görnüşde geçirilen sapagynda Türkmenistanyň merkezi sazçylyk mekdebiniň okuwçylary öz taýynlyklaryny, ukyplaryny hem-de zehinlerini görkezdiler. Olar türkmen halk aýdym-sazlaryny birnäçesini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, diňleýjileri muzeýdäki saklanylýan türkmen halk saz guralarynyň gadymy we häzirki zaman görnüşleri bilen tanyşdyryp sapagyň temasy boýunça beren giň maglumatly nazary we taryhy gürrüňlerini has aýdyňlaşdyrdylar. Geljekki sazşynaslar üçin bu gezekki açyk sapak örän gyzykly we şol bir wagtda örän jogapkärçilikli boldy. Çünki olaryň diňleýjileriniň arasynda konserwatoriýanyň tejribeli mugallymlary, muzeýiň hünärmenleri we “Saz öwreniş, fortepiano we kompozisiýa” fakultetiniň talyplary boldular.
Açyk sapagyň mazmuny örän giňdi: onuň dowamynda Gorkut ata döwründäki saz gurallaryndan başlap, häzirki döwrüň kämil saz gurallary bolan dutar, gyjak, tüýdük, bagşyçylyk we bagşyçylyk sungatyň ýollary bilen bagly dürli we baý maglumatlar berildi. Sapagyň dowamynda okuwçylar dutarda türkmen halk sazlaryny çalyp, olaryň gelip çykyşy, gurluş aýratynlyklary, ýerine ýetiriş tilsimleri barada gürrüň berip, olaryň çalnyş usullaryny hem görkezdiler. Şeýle hem bagşyçylyk ýollarynyň aýdylyş tapawudyny, her ýol boýunça degişli aýdymlary aýdyp, sapaga gatnaşan diňleýjilere gyzykly gürrüňleri berdiler.
Mugallym K. Jumagulyýew Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary bilen geçiren açyk sapagy konserwatoriýanyň mugallymlarynyň we talyplarynyň göwünlerine ýarap, olarda gowy täsir galdyrdy. Olar ýaş sazşynaslara özlerini gyzyklandyrýan birnäçe soraglary berdiler. Okuwçylar hem öz gezeginde dogry we giň möçberdäki jogap bermegi başardylar. Sapak jemlenen soň hiç kimiň gaýdasy gelmedi. Açyk sapak bu görnüşde ilkinji gezek geçirilen soň konserwatoriýanyň mugallymlary gurnaýjy mugallyma we okuwçylara sapagyň geçirilişine uly baha berip, işinde we okuwda üstünlik arzuw etdiler. Şeýle-de, konserwatoriýanyň mugallymlary, öz nobatynda, geljekki saz öwrenijilerine gyzykly we peýdaly maglumatlary aýdyp berdiler.
Sapagyň gurnaýjysy, mugallym K. Jumagulyýew: “Geljekki ýyl ýene-de ekskursiýa görnüşdäki açyk sapaklary geçirmegini meýilleşdirýäris – diýip aýdýar, - Indiki temamyz türkmen kompozitorçylyk mekdebine we kompozitorlaryň döredijiligine bagyşlap geçirmegi maksat edinýäris. Biziň esasy maksadymyz – okuwçylara bilimi bermekde täze, döwrebap usullaryny tapmak, olary özbaşdak pikir etmäge öwretmek, olarda özbaşdak gözleglere ukyplary ösdürmek”.
Günsaýyn ösýän, özgerýän Diýarymyzda geljekki nesilleriň ylymly-bilimli bolmagy üçin edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy aýdýarys!
Enejan Nuryýewa, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyñ “Ýörite fortepiano” kafedrasynyñ uly mugallymy