Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi

28.04.2025 | 04:00 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi

27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ady äleme dolan Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady diýip, TDH habar berýär.

Žoel Buzu şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowa Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde döwlet Baştutany Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa mähirli salamyny, olara berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow köp asyrlyk atçylyk sungatynyň nusgasyny özünde jemleýän we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul edýändigine şatdygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünlikleri bellärliklidir. Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny belledi.

Žoel Buzu ýurdumyz bilen sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, sapar örän netijeli geçdi. Saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ikitaraplaýyn dialogy täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: