Iň täze habarlar

Halkara festiwal, Liwiýanyñ Medeniýet günleri we ýyldyzlaryñ konserti: Türkmenistanda medeniýetli maý

26.04.2025 | 12:30 |
 Halkara festiwal, Liwiýanyñ Medeniýet günleri we ýyldyzlaryñ konserti: Türkmenistanda medeniýetli maý

Ministrler Kabinetiniñ mejlisinde şu ýylyñ maý aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreleriñ hasabaty berildi. Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary B.Seýidowa şanly senelere we wakalara bagyşlanan baý mazmunly maksatnama barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyñ maý aýy köpsanly maslahalatlaryñ, döredijilikli duşuşyklaryñ, bäsleşikleriñ, sergileriñ we aýdym-saz dabaralarynyñ geçirilmegi bilen bellener. Bu çäreler şu ýylyñ "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmeginiñ, Türkmenistanyñ hemişelik bitaraplygynyñ 30 ýyllygynyñ, Ýeñiş gününiñ, Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyñ gününiñ, Aşgabat şäheriniñ gününiñ we Türkmen halysynyñ baýramçylygynyñ bellenilmeginiñ çäklerinde geçiriler.

Şeýle hem, maý aýynda ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriñ jemleri jemlener. Liwiýa Döwletiniñ Türkmenistandaky Medeniýet günleri, "Parahatçylygyñ sazy" atly halkara festiwaly, şeýle hem Döwlet medeniýet merkeziniñ Mukamlar köşgünde geçiriljek Fransiýanyñ, Italiýanyñ we Türkmenistanyñ sungat işgärleriniñ bilelikdäki çykyşlary medeniýet maksatnamasynda aýratyn orun alar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: