Diplomatlar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Kazandaky koworking merkezine baryp gördüler
29.04.2025 | 10:24 |Türkmenistanyň Kazan şäherindäki (RF) Baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystanyň paýtagtynda akkreditlenen beýleki diplomatlar bilen bilelikde “Hoşniýetli Kazan” awtonom täjirçilik däl guramasynyň koworking merkezine baryp gördüler. Ol ýerde haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada “Tatar-inform” habarlar agentligi belleýär.
Çäräniň esasy maksady diplomatik korpusyň we “Hoşniýetli Kazan”-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar guramanyň işi bilen tanyşyp, haýyr-sahawat taslamalaryna öz goşandyny goşup bildiler.
Çäräniň dowamynda diplomatlar koworking merkezine aýlanyp görüp, mental bozulmalary bolan çagalar bilen gürrüňdeş boldular. “Hoşniýetli Kazan” awtonom täjirçilik däl guramasynyň direktory Tatýana Merzlýakowa diplomatlardan hyzmatdaşlyga, şol sanda olaryň dürli çärelere gatnaşmaklaryny garaşýandygyny aýtdy.
Duşuşyk jemgyýetiň dürli pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtanaldyrmakda möhüm ädim bolup, haýyr-sahawat boýunça bilelikdäki iş üçin täze mümkinçilikleri açyp berdi.
ORIENT news