Alanýa şäherinde “Türki dünýäsiniň palitrasy – 2025” atly döredijilik simpoziumy geçirilýär
29.04.2025 | 15:45 |2025-nji ýylyň 25-nji aprelinden 5-nji maý aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Alanýa şäherinde “Türki dünýäsiniň palitrasy – 2025” atly döredijilik simpoziumy geçirilýär.
Bu simpoziuma Wengriýa, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Demirgazyk Kipr, Litwa, Özbegistan we şol sanda Türkmenistan Watanymyzdan hem zehinli suratkeşler gatnaşýarlar. “Türki dünýäsiniň palitrasy – 2025” simpoziumy halklaryň arasyndaky medeni gatnaşygy berkitmekligi, suratkeşleriň tejribe toplamaklaryny we özara pikir alyşmaklaryny maksat edinýär.
Bu simpoziuma döwletimizden Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Jeýran Umarowa hem gatnaşýar. Ýaş suratkeş Jeýran Umarowa ilki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda dizaýn sungaty boýunça bilim aldy. Häzirki wagtda ol, Türkiýäniň Stambul şäherindäki Topkapy uniwersitetinde okaýar we halkara derejesinde geçirilýän sergilere işjeň gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, ol 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň Kütahýa şäherinde geçirilen sergide özüniň we ejesi – ussat keramist Dilbar Umarowanyň eserlerini görkezdi.
ORIENT