BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda durnukly we energiýa taýdan netijeli gurluşygy goldamak boýunça täze taslamany ýola goýýar
30.04.2025 | 12:10 |BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda “Kadalaşdyryjy-hukuk binýadyň gowulandyrylmagy arkaly Türkmenistanyň energiýa taýdan netijeli we durnukly gurluşyk pudagy ugry boýunça milli kuwwatynyň ösdürilmegi” atly täze taslamany girizdi. Taslama Global ekologiýa gaznasy (GEG) tarapyndan maliýeleşdirilýär hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.
Täze başlangyç parnik gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak ýoly bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşde, howa bilen baglanyşykly ýurduň halkara borçnamalaryny, şol sanda Howa boýunça Pariž ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň tagallalaryny goldamaga gönükdirilendir.
Taslama nol derejä ýakyn energiýa sarp edişli binalar konsepsiýasyny ulanýan synag binalaryň görkezilişini göz öňünde tutýar. Bu bolsa gorag gurluşlaryň döwrebaplaşdyrylmagy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň ulanylmagy hem-de jikme-jik gözegçilik we energiýa sarp edişiň seljermesi üçin sanly maglumat tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen amala aşyrylar. Taslama hereket edýän syýasatyň we kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine, hususan-da, döwrebap standartlaryň we gurluşyk talaplaryň işläp taýýarlanylmagyna we ornaşdyrylmagyna, şeýle hem netijeli institusional gurallaryň döredilmegine hem gönükdirilendir.
“Bu taslama Türkmenistanyň durnukly geljege geçmegini çaltlaşdyrmak işine biziň umumy ygrarlylygymyzy açyp görkezýär. Gurluşyk pudagynda energiýa taýdan netijeliligiň ýokarlandyrylmagy we ýaşyl standartlaryň girizilmegi zyňyndylary azaltmagyň we ýaşaýşyň hilini gowulandyrmagyň açarydyr. Türkmenistanyň Hökümeti bilen daşky gurşawy goramak babatda üstünlikli köp ýyllyk we netijeli tejribämize esaslanyp, biz bu taslamanyň bilelikde durmuşa geçirilmeginiň ýurduň howa bilen baglanyşykly gün tertibine möhüm goşant goşjakdygyna ynanýarys” – diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan belledi.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar.
ORIENT news