Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy
02.05.2025 | 03:00 |1-nji maýda, penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna bardy we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 5-8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guraljak BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (LLDCs) boýunça üçünji halkara maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ýakynda geçiriljek forumyň ähmiýeti, onuň ýokary derejesi we garaşylýan gatnaşyjylaryň düzümi hem bellidir. Maslahat “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary arkaly ösüşi üpjün etmek” şygary bilen geçiriler.
Awaza deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, 47 sany kiçi ada döwletleriniň we 49 sany az ösen ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýetleri ýygnanar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň hem-de işewür toparlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle wekilçilikli düzümiň gatnaşmagy bu çäräni ählumumy derejede ýylyň iň möhüm halkara meýdançalarynyň birine öwürýär.
Duşuşykda dürli ugurlaryň ýolbaşçylary hasabat berdiler. Bu bolsa foruma taýýarlyk işleriniň çäginde alnyp barylýan işleriň uly göwrümlidigi we toplumlaýyn häsiýete eýedigini görkezýär. Döwlet Baştutany şeýle uly möçberli çäräni guramagyň ähli möhüm ugurlaryna, şol sanda diplomatik, infrastruktura, logistika, medeni, maglumat üpjünçiligi bilen baglanyşykly meselelerine üns berdi.
Taýýarlyk işleri köp ugurlary öz içine alýar:
Guramaçylyk işleri boýunça degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen protokol üpjünçiligi, ulag-aragatnaşyk, wiza meseleleri ýaly ugurlar boýunça yzygiderli esasda iş duşuşyklary we gepleşikleri guralýar.
Halkara maslahatyň resmi internet saýty synag maksatly işe girizildi.Munuň özi esasy maglumat çeşmesi bolup hyzmat eder.
Esasy wakalaryň çäklerinde dialogyň formatyny giňeltjek Parlamentara forumynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Köp sanly myhmanlary kabul etmek üçin myhmanhana infrastrukturasynda we hyzmatlar ulgamynda taýýarlyk işleri boýunça ýokary depginde işlar alnyp barylýar.
“Awaza” sport toplumynda gurluşyk, abatlaýyş, abadanlaşdyrmak işleriniň alnyp barylýar. Bu toplum öňde boljak forum we beýleki ugurdaş çäreler üçin esasy meýdança bolar.
Medeni maksatnama aýratyn üns berilýär. Özboluşly medeniýetini, sungatyny we milli tagamlaryny görkezmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hersiniň milli günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Mejlise gatnaşyjylar şeýle hem BMG-niň maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelerden başga-da Balkan welaýatynda beýleki möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilişine garadylar. Türkmenbaşydaky NGIZT-iň degişli desgalarynda, Esenguly etrabyndaky agyz suwuny arassalaýjy desgada gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Şeýle hem Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň we oňa eltýän ýoluň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýynda döwrebap obanyň, gurluşygynyň batly depginde dowam etdirilýändigi, Gyzylarbat etrabynda köpugurly elektrik stansiýasynda gurluşyk işleri tamamlandygy bellenildi.
Balkan welaýatynda geçiriljek medeni çäreleriniň maksatnamalary hödürlendi. Olaryň hatarynda 2 — 7-nji iýunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — dostluk mekany” atly halkara tans we folklor festiwalyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Tomus möwsümde Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy gatnawlaryny guramak, Balkanabat Halkara howa menzili — Türkmenbaşy, Türkmenbaşy demir ýol menzili — Awaza we Aşgabat — Awaza ugurlary boýunça yzygiderli awtobus hem-de Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat, Kerki Halkara howa menzillerinden Balkanabat Halkara howa menziline täze ýolagçy howa gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti BMG LLDCs-iň üçünji maslahatynyň geçiriljek ýeriniň gurluşygynyň gidişini we abadanlaşdyryş işleriniň depgini bilen tanyşdy. Döwletiň Baştutanynyň garamagyna gurulýan desgalaryň şekil taslamalary we dürli görnüşli bag nahallary ulanmak arkaly şol ýerlerde ýaşyl zolagyny döretmek boýunça meýilnamalar hödürlendi. Şunuň bilen baglylykda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyna gatnaşjak köp sanly daşary ýurtly myhmanlarda ýakymly täsiriň galdyrmalydygyny nygtady we taýýarlygyň iň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
ORIENT