Iň täze habarlar

Aşgabatda dünýä premýerasy – RITUALS tans we sanly tomaşasy

05.05.2025 | 17:18 |
 Aşgabatda dünýä premýerasy – RITUALS tans we sanly tomaşasy

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Fransuz instituty we ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti, Fransiýanyň we Italiýanyň ilçihanalary, şeýle hem Gazagystandaky Gýöte adyndaky instituty özboluşly ajaýyp döredijilik dialogyny guramak üçin tagallalaryny birleşdirdiler. Onda Türkmenistanyň baý däp-dessurlary häzirki zaman ýewropa tans we sanly sungatlary bilen sazlaşar.

10-njy maýda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde Žan-Mark Matosyň (horeograf, Fransiýa), Margerita Bergamonyň (postmodern horeografy, Italiýa), Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň hem-de “Meňli” tans toparynyň gatnaşmagynda RITUALS tans we sanly tomaşasy geçiriler. Tomaşanyň birinji böleginde milli Küştdepdi tansy ýerine ýetiriler. Ony bu jadylaýy türkmen tansynyň mekany hasaplanýan Balkan welaýatynyň “Akjaýar” halk döredijilik topary ýerine ýetirer.

Çäre “Ýewropanyň medeniň giňişlikleri” atly başlangyjyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu başlangyç EUNIC agzalary we ÝB-niň wekiliýetleri ýaly Ýewropanyň işgärleriniň hem-de ÝB-niň düzümine girmeýän ýurtlardaky hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň innowasion modellerini synagdan geçirip we ornaşdyryp, ÝB-niň halkara medeni gatnaşyklara bolan strategiki çemeleşmesini durmuşa geçirýär.

“Ýewropanyň medeni giňişlikleri” başlangyjy Ýewropa komisiýasy we Ýewropanyň daşary işler gatnaşyklar gullugy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda EUNIC tarapyndan amala aşyrylýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi EUNIC (ähli ÝB-niň we käbir beýleki ýurtlaryň medeni institutlaryny birleşdirýän ÝB ýurtlarynyň milli medeni institutlarynyň tory), Franko-nemes medeni gaznasynyň we Pariždäki Fransuz institutynyň goldaw bermegi bilen mümkin boldy.

Konserte giriş – mugt.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: