Iň täze habarlar

“Tarlan”: ITSE serginiň ussatlyk sapaklarynyň meýdançasynyň üstünliklerine goşant

08.05.2025 | 20:50 |
 “Tarlan”: ITSE serginiň ussatlyk sapaklarynyň meýdançasynyň üstünliklerine goşant

29-njy aprelden 1-nji maý aralygynda Aşgabatda “Halkara söwda we hyzmatlar-2025” atly sergi-ýarmarkasy (ITSE) üstünlikli geçirildi. Çäräniň baý maksatnamasyna möhüm goşant goşanlaryň biri, ussatlyk sapaklarynyň meýdançasyna hemaýatkärlik goldawyny beren ýerli “Tarlan” kompaniýasy boldy.

“Tarlan” kompaniýasynyň goldawy serginiň möhüm bölegine öwrüldi hem-de myhmanlaryň we gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle uly pudaklaýyn çäräniň hemaýatkäri hökmünde çykyş etmek “Tarlanyň” bazardaky işjeň ornuny we kompaniýanyň işewür gatnaşyklary ösdürmek we pudaklaýyn başlangyçlaryny goldamak islegini görkezýär.

“Tarlan” kompaniýasy, bu bölümde güýçli orny eýelän, professional iş eşiklerini we formalary tikmäge ýöriteleşendir. Kompaniýa dürli önümçilikler we iş görnüşleri üçin işleýän we ýokary hilli iş eşiklerini döredýär, ýokary önümçilik standartlaryny her bir müşderä aýratyn çemeleşmek bilen üstünlikli birleşdirýär.

imgonline-com-ua-2to1-eKI4EJkw7pXNRKs.jpg

“Tarlanyň” esasy artykmaçlyklary, berk hil gözegçiligi we işgärleriň rahatlygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän ygtybarly, çydamly materiallary ulanmakdyr. Kompaniýa önümleriň köp görnüşini – hyzmat pudagy üçin standart eşiklerden başlap, senagat we gurluşyk kompaniýalary üçin ýöriteleşdirilen eşiklere çenli hödürleýär.

“Tarlan” bilen hyzmatdaşlyk, geçirmek arkaly töleg mümkinçiligini goşmak bilen, korporatiw müşderiler üçin amatlydyr. Şeýle hem, aýratyn ölçeglere görä tikinçiligiň iň ýokary hilini saklamak bilen kompaniýa sargytlary çalt ýerine ýetirmek ukybyny belleýär.

“Tarlana” eýýäm köp sanly belli markalar we kärhanalar şol sanda “А-sushi”, “Orbita”, “By_Benik”, “Lavka” çörek bişiriliş kärhanasy, “Argentina Grill” steýk-haus ýaly restoranlar, şeýle hem “Gap Inşaat”, “Caddel Construction”, “Altyn Nesil” we beýlekiler ýaly uly gurluşyk kompaniýalary ynam bildirdi.

“Tarlan” kompaniýasynyň hemaýatkär hökmünde “Halkara söwda we hyzmatlar-2025” atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy diňe bir sergi çäreleriniň ösmegine goşant goşman, eýsem kärhanalara ýokary hilli we amatly iş eşikleri hödürläp, işewürlik üçin ygtybarly hyzmatdaş bolmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

863322222

861101331

Instagram hasaby: tarlan_ag

Ýene-de tema boýunça

“Tarlan” kompaniýasy ýöriteleşdirilen iş egin-eşikleriniň täze nusgalaryny hödürleýär

“Tarlan” kompaniýasy: iş eşigi hiç wagt köplük etmez

Foto: Таrlan

Şeýle hem okaň: