“Türkmenfilm” III Bişkek halkara kinofestiwalyna gatnaşar
13.05.2025 | 20:40 |11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagtynda III Bişkek halkara kinofestiwaly geçiriler. Oňa türkmen kino sungatynyň wekilleri hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň film bäsleşikleriniň maksatnamasyna Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň režissýory Hekim Alowowyň düşüren “Kitap” çeper filmi gatnaşar. Bu kino eseriň edebi esasy bolup Nurmyrat Saryhanowyň adybir hekaýasy hyzmat etdi. Hekaýa Welmyrat aganyň mysalynda türkmeleriň ruhy gymmatlyklara bolan garaýşy barada beýan edýär. Welmyrat aga bir wagtlar özüniň iner maýasyny Magtymgulynyň goşgular ýygyndysana çalşyp, maşgala keramatlygyna öwrülen bu kitaby hiç bir pula çalyşmaga razy bolmady.
Film 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Türki dünýäsiniň IV Gorkut ata Halkara kinofestiwalynyň çäklerinde görkezildi. Bu ýyl “Türkmenfilm”-iň bu kino eseri Türkiýäniň Izmir şäherinde 3-6-njy maý aralygynda geçirilen “Turan” II Halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy.
Bişkek halkara kinofestiwaly ilkinji gezek 2023-nji ýylyň 17-21-nji noýabry aralygynda geçirildi we Çingiz Aýtmatowyň 95 ýyllygyna bagyşlandy. Ol Türk kinosynyň hepdeligi, Aýtmatowyň ylmy-amaly forumy, Merkezi Aziýanyň filmleriniň görkezilişi, halkara we milli çeper filmleriniň bäsleşikleri ýaly birnäçe medeni çärelerden ybarat boldy.
ORIENT