Kazana 2026-njy ýylyň Yslam dünýäsiniň Medeni paýtagty derejesi berildi
16.05.2025 | 15:00 |«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XVI Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň maslahatynyñ jemlerini jemläp, Russiýanyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa öňümizdäki döwür üçin esasy wezipeleriň birini yglan etdi: «Öñümizde uly we umumy maksat bar. Kazan – 2026-njy ýylyň Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty bolar».
Maslahata Azerbaýjan, Bahreýn, Gwineýa-Bisau, Indoneziýa, Eýran, Gazagystan, Mawritaniýa, BAE, Oman, Pakistan, Palestina, Saud Arabystany, Somali, Sudan, Sýerra-Leone, Täjigistan, Özbegistan hem-de YHG, Yslam ýurtlarynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ISESCO) we Arap döwletleriniň ligasy gatnaşdy. Maslahatyñ esasy temasy: «Medeniýetleriň dialogy — köpugurly dünýäde şahsyýetiň we köpdürlüligiň goralmagynyň binýady».
Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň medeniýet ministrleri bilen KazanForum–2025-iň çäklerinde Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanow duşuşdy. «Munuň ýaly çäreler bizi ýakynlaşdyrýar. Biz ISESCO bilen ýakyndan işleýäris» - diýip, respublikanyň ýolbaşçysy belledi.
Yslam dünýäsi ýurtlarynyň medeniýet ministrleriniň 13-nji maslahatynyñ karary bilen, Kazana 2026-njy ýylyň Yslam dünýäsiniň Medeni paýtagty derejesi berildi. Munuñ bioen baglylykda indiki ýylda 12 çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. «Bu karar üçin sag bolsun aýdýaryn we sizi şu çärelerimize gatnaşmaga çagyrýaryn» - diýip, Tatarystanyň Raisi ministrlere ýüzlendi.
“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum” atly Halkara ykdysady forumy 2025-nji ýylyň 13–18-nji maýy aralygynda 16-njy gezek geçirilýär. Forumyň çäklerinde 200-den gowrak çäre meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda: yslam ýurtlarynyň ulag ministrleriniň, medeniýet ministrleriniň, baş prokurorlarynyň we auditorlarynyň maslahatlary; dünýäniň iň iri yslam maliýe maslahaty; halal senagaty boýunça maslahatlar; yslam ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň forumy; ykdysadyýet, söwda we emläk ugurlary boýunça halkara sergiler (40 müň inedördül metrden gowrak meýdanda). 2025-nji ýylda 103 ýurtdan wekiller hasaba alnyşyklardan geçdi. 2024-nji ýylda bolsa çäre dünýäniñ 87 ýurdynyñ, RF-niň 87 subýektiniñ we 40-dan gowrak diplomatik missiýanyñ 20 müňden köpräk gatnaşyjysyny ýygnady.