Saida Şarifaliýewa Azerbaýjanyñ adyndan Türkmenistanda geçirilýän halkara festiwala gatnaşdy
20.05.2025 | 14:30 |Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Saida Şarifalýewa Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyna gatnaşyp, ýurdunyň adyndan çykyş etdi.
Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berildi. Saida Şarifalýewanyň çykyşy festiwala gatnaşyjylarynyň we guramaçylarynyň uly gyzyklanmasyna we täsirlenmegine sebäp boldy.
Onuň ýerine ýetiren nusgawy saz eserleri Azerbaýjanyň baý medeniýetini we saz sungatynyň däplerini, şeýle hem ýurduň bu ugurdaky ýokary mümkinçiliklerini aýdyň görkezdi.
Tomaşaçylar aýratyn üns bilen beýik kompozitor Uzeir Gajybeýliniñ eserlerine garaşdylar. Onuň doglan gününiň 140 ýyllygy mynasybetli Azerbaýjanda we dünýäniň dürli künjeklerinde Azerbaýjanyñ Prezidentiniñ başlangyjy bilen çäreler geçirildi.
Uzeir Gajibeýliniñ «Arşyn mal alan» operettasyndan «Gülçöhräniň ariýasy» atly aýdymyň Saýyda Şarifalýewa tarapyndan ýerine ýetirilmegi, şeýle hem onuň Türkmenistanyň belli wokalçysy Mansur Şarifow bilen bilelikde ýerine ýetiren «Asker we Gülçöhräniň dueti» tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna sebäp boldy.
Konsertden soň Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri we olaryň maşgalalary Saida Şarifalýewa bilen duşuşyp, minnetdarlyk sözlerini aýtdylar hem-de oňa gülleri gowşurdylar.
ORIENT