Iň täze habarlar

Aşgabatda Türk aşhanasynyñ hepdeligi bellenildi

21.05.2025 | 22:00 |
 Aşgabatda Türk aşhanasynyñ hepdeligi bellenildi

Şu gün, 21-nji maýda, Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hemişelik oturýan ýerinde Türk aşhanasynyň hepdeligine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. 1 Agşamlyk çäresine köpsanly myhmanlar gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy professor Erol Özwar we onuñ ýanyndaky wekiliýet, şeýle hem Murat Birol Kaýymyñ ýolbaşçylygyndaky Türkiýäniň Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň wekilleri bardy.

Çäräniň dowamynda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok çykyş edip, Türk aşhanasynyň hepdeliginiň halkara jemgyýetçiligini ýurduň baý aşhana medeniýeti bilen tanyşdyrmak maksady bilen geçirilýändigini belledi. Bu hepdäniñ dowamynda dabaralar diňe Türkiýäniň özünde däl, eýsem daşary ýurtlardaky türk diplomatik wekilhanalarynyň gatnaşmagynda-da geçirilýär. 2 Ilçi Ahmet Demirok bu taslamanyň başlangyjyny Türkiýäniň ilkinji zenany Emine Erdogan goýandygyny aýtdy. Onuň howandarlygynda «Türk aşhanasy: baky tagamlar» atly kitap neşir edildi. Bu kitapda milli tagamlar, olary ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz ýagdaýda taýýarlamak hem-de saklamak usullary, şeýle hem durnukly we sagdyn iýmitlenmegiň ýörelgelerine esaslanýan tagamlar beýan edilýär. 3 Türk aşhanasynyň aýratynlygy dürli görnüşli gök önümlere we miwelere giň orun berilmegindedir. Şonuň üçin ol iýmitlenmegiň wegetarian we wegan görnüşini saýlaýanlar üçin hem amatlydyr. Mundan başga-da, türk aşhanasy myhmansöýerligiň, agzybirligiň we jebisligiň köpasyrlyk däplerini özünde jemleýär. 4 Agşamlyk dabarasynda myhmanlara nusgawy anatoliýa agşamky nahary hödürlenildi. Ol toý çorbasyndan, pastyrmaly ak nohut tagamyndan, tüwi palawyndan, jajykdan, baklawadan we tulumbadan ybaratdy. Ilçiniň sözlerine görä, bu tagamlar ýönekeý, elýeterli we peýdaly bolup, olar her bir türk öýünde höwes bilen hödürlenilýär. 5 Çykyşynyň dowamynda Ahmet Demirok 2025-nji ýylyň Türkiýede Maşgala ýyly diýlip yglan edilendigini hem ýatlatdy. Bu bolsa maşgala gymmatlyklaryny goramagyň we degişli jemgyýetçilik başlangyçlaryny işläp düzmegiň möhümdigine ünsi çekýär. Dabaranyň dowamynda türk maşgalasyna bagyşlanan gysga wideo we surat sergisi görkezildi. 6 Ilçi çykyşynyň ahyrynda baýramçylyk agşamlygyny taýýarlan aýaly Arzu hanyma, aşpez Osman beýe we ähli topar agzalaryna minnetdarlyk bildirdi hem-de çykyşyny şu türkmen pähimi bilen jemledi: «Myhman ataňdan uludyr».

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: