Iň täze habarlar

A.N.Kosygin adyndaky Rus uniwersiteti türkmenistanly dalaşgärler bilen onlaýn-duşuşygyny geçirer

10.06.2025 | 13:20 |
 A.N.Kosygin adyndaky Rus uniwersiteti türkmenistanly dalaşgärler bilen onlaýn-duşuşygyny geçirer

19-njy iýunda Aşgabatdaky Rus öýünde Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan A.N.Kosygin adyndaky Rus döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen göni aragatnaşyk arkaly maslahat geçiriler.

Çäre mekdep uçurymlary, olaryň ata-eneleri we Russiýa Federasiýasynda ýokary hilli bilim almak isleýän hemmeler üçin niýetlenendir.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar aşakdaky maglumatlar bilen tanşyp bilerler:

  • Döwrebap taýýarlyk ugurlary we isleg bildirilýän hünärler;

  • Giriş, okuw we talyplaryň ýaşaýyş şertleri;

  • Talyplyk durmuşynyň mümkinçilikleri we uniwersiteti tamamlandan soňra hünär geljegi.

Geçirilýän ýeri: Aşgabatdaky Rus öýi, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11. Başlanýan wagty: 16:00.

Öňünden ýazylmak hökmanydyr: gatnaşmak üçin otdel_tm@mail.ru poçtasyna haýyşnamany ugratmaly.

ORIENT

Foto: hedclub.com

Şeýle hem okaň: