Osakadaky Türkmenistanyň pawilýony iň köp barylýanlaryň üçlügine girdi
11.06.2025 | 13:15 |Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän Bütindünýä Expo sergisinde Türkmenistanyň pawilýony iň meşhurlaryň hatarynda – ol baran adamlaryň sany boýunça üçünji orny eýeledi.
Myhmanlary binanyň özboluşly binagärlik aýratynlygy özüne çekýär. Onda bolsa milli nyşanlar we döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşdyrylandyr. Gurluşykda ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanyldy, bu hem Türkmenistanyň durnukly ösüşe bolan ymtylyşyny subut edýär.
Ekspozisiýa innowasion tehnologiýalardan we ykdysady gazananlardan baý taryhy-medeni mirasa çenli temalaryň giň görnüşini öz içine alýar.
Bu ýerde türkmen halylarynyň kolleksiýasyny görmäge, halk senetçiligi bilen tanyşmaga hem-de milli aşhananyň tagamlaryny dadyp görmäge mümkinçilik bar.
Gelen adamlar öz duýgylary bilen paýlaşýarlar:
Rokuro Kamatari, serginiň myhmany: “Medeni gymmatlyklaryň baýlygy we harytlaryň köpdürliligi meni haýran galdyrdy. Türkmenistanda şeýle köp önüm öndürilýär! Pawilýona gelip görmegim meniň üçin hakyky açyş boldy”.
Mizuki Şegemasa, Osakanyň ýaşaýjysy: “Bu ýerde görenlerim garaşanymdanam has täsirlidir. Türkmenistanyň işjeň we hemmetaraplaýyn ösüşine men şaýat boldum. Men bu täsin ýurtdan ajaýyp duýgylary aldym”.
Türkmenistanyň pawilýony müňlerçe adamlaryň ünsüni çekmegi dowam edip, ýurdumyz barada janly we ruhlandyryjy beýany hödürleýär.
ORIENT