Iň täze habarlar

Russiýada Hazar deñzine täze ýoluñ gurluşygyna başladylar

09.06.2025 | 14:30 |
 Russiýada Hazar deñzine täze ýoluñ gurluşygyna başladylar

Russiýanyň günorta-günbatar sebitinde halkara ulag geçelgesi bolan "Demirgazyk-Günorta" ýolunyň geçiriş ukybyny artdyrmaga gönükdirilen täze ýol gurluşygynyň tapgyry başlandy. Bu geçelge, Zakawkazýe, Hazar sebitiniñ we Orta Aziýa ýurtlary arkaly Günorta Aziýanyñ hem-de Afrikanyň dostlukly döwletleri bilen söwda gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär.

Taslamanyň çäklerinde, Hazaryň kenaryndaky Mahaçkala söwda portuna barýan täze awtoulag ýoly gurular. Bu port Hazarda buzlamaýan ýeke-täk çuň suwly portdyr. Täze ýol häzirki zaman talaplaryna laýyk dört zolakdan ybarat bolup, umumy uzynlygy 6 kilometre ýetýär. Ýoluň ugrunda ulag akymyna gözegçilik ulgamly hereket, şeýle hem iki emeli inžener desgasy, ýol çatryklary we pyýada geçelgesi göz öňünde tutulýar.

Bu başlangyç ilkinji gezek 2023-nji ýylda öňe sürlüpdi, emma şol döwürden bäri taslamanyň bahasy takmynan 2,5 milliard rubl ýokarlandy. Häzirki wagtda umumy çykdajy 8 milliard rubla golaýlady we onuň aglaba bölegi federal býujetiň hasabyna maliýeleşdirilýär. Täze ýoluñ 2026-njy ýylda açylmagyna garaşylýar. Ugur bolsa federal R-215 awtomobil ýolundan (Astrahan – Koçubeý – Kizlýar – Mahaçkala) günorta-gündogara tarap geçer.

Ýol gurluşygy bilen bir wagtda, portuň özi hem döwrebaplaşdyrylýar we täzelenýär. Netijede, onuň ýyllyk ýük geçiriş kuwwaty 11 million tonna çenli ýokarlanar.

ORIENT

Foto: overclockers.ru

Şeýle hem okaň: