Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we RF-iň DIM-niň ýolbaşçylary PHYF-2025-däki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar

12.06.2025 | 23:57 |
 Türkmenistanyň we RF-iň DIM-niň ýolbaşçylary PHYF-2025-däki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Sergeý Lawrow geljek hepde Sankt-Peterburgda geçiriljek Peterburg halkara ykdysady forumynyň (PHYF) çäginde geljekki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 12-nji iýunda, penşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň temalarynyň üstünde durlup geçildi.

“Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesini şeýle hem Peterburg halkara ykdysady forumynyň meýdançalarynda we ikitaraplaýyn sapar alyş-çalşygynyň çäginde ýakyn wagtda boljak aragatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar” – diýip, RF-iň DIM-niň habarynda aýdylýar.

Şeýle hem R.Meredow S.Lawrowy Russiýanyň güni bilen mähirli gutlandygy bellenilýär.

Peterburg halkara ykdysady forumy 18–21-nji iýunda geçiriler, şu ýyl 28-nji gezek geçirilýär. 137-den gowrak ýurtdan we sebitden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

ORIENT

Foto: roscongress.org

Şeýle hem okaň: