“Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna taýýar
27.06.2025 | 23:10 |27-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanadany kabul etdi.
Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we öz kompaniýasynyň Türkmenistanda işewürlik üçin döredilen amatly şertlere we ýurduň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak babatda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany Kendzi Sanada saparynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.Söhbetdeşlikde işewür toparlaryň arasyndaky işjeň gatnaşyklaryň netijesinde hil taýdan täze derejä çykarylýan Ýaponiýa bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýeti bellendi. Iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy nygtaldy.
Bellenilişi ýaly,Türkmenistan “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär we bu kompaniýanyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi. Prezident Türkmenistanyň täze ugurlar boýunça kompaniýa bilen hyzmatdaşlyga mundan beýläk-de açykdygyny tassyklady.
ORIENT