Iň täze habarlar

Türkmenistan ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze halkara duşuşyklary taýýarlaýar

28.06.2025 | 00:12 |
 Türkmenistan ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze halkara duşuşyklary taýýarlaýar

Döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

Hususan-da, adatdan daşary ýagdaýlarda halkara guramalar bilen utgaşykly hereket etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 28-nji iýunda Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasy we BMG bilen “tegelek stol” maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ertesi gün, 29-njy iýunda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýwe halkara ynsanperwerlik işi bilen bagly halkara guramalaryň ýolbaşçylary üçin brifing geçiriler.

Şeýle-de BMG-niň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasynyň wekilleri bilen ynsanperwerlik işini has-da ösdürmek üçin üç ýyllyk iş meýilnamalaryny düzmek we olary tassyklamak teklip edildi. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 27-nji iýunda, anna güni geçerilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow beýan edilen teklipleri makullap, Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: