Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

29.06.2025 | 22:00 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki sany iri türk kompaniýasynyň – “Rönesans Holding” we “Çalyk Holding”-iň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.

Işewürleriň ikisi hem Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni we Arkadag şäheriniň iki ýyllygy bilen mähirli gutladylar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda iki halkyň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän taryhy we medeni gatnaşyklaryň netijesinde özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Erman Ylyjak “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanyň uly göwrümli şähergurluşyk maksatnamasyna gatnaşandygyny buýanç bilen beýän etdi. Ahmet Çalyk öz gezeginde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlaryny, şol sanda senagat we durmuş ugurly infrastrukturany durmuşa geçirmekdäki öňegidişligi belläp geçdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda iki kompaniýanyň ýolbaşçylary geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdylar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: