Iň täze habarlar

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen Hankendide duşuşdy

03.07.2025 | 17:05 |
 Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen Hankendide duşuşdy

3-nji iýulda, penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň XVII sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Hankendi şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Raşid Meredow Azerbaýjanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýollanan mähirli salamy we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

turkmenistan-azerbaijan-meredov-aliev-xankendi (2).jpg

Ilham Aliýew hem öz gezeginde Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna we doganlyk türkmen halkyna mähirli salamy we iň gowy arzuwlary beýan etdi.

Duşuşykda azerbaýjan we türkmen halklarynyň ruhy kökleriň umumylygy, taryhy we medeni däpleriň meňzeşligi bilen baglanyşýan iki doganlyk halkdygy ýene bir gezek nygtaldy. Energetika, ulag, medeni, ynsanperwer, ylym, bilim we beýleki ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşma geçirildi.

1751536468_957beec464aa2e3570077f9501f58dae.jpg

Hususan-da, Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň bolsa Türkmenistanda geçiriljekdigi bellenildi diýip, Azerbaýjanyň Lideriniň metbugat gullugy habar berdi.

turkmenistan-azerbaijan-meredov-aliev-xankendi (3).jpg

ORIENT

Foto: president.az

Şeýle hem okaň: