TULM HHR-dan ugran synag otly düzüminiň Türkmenbaşy porty arkaly Baku deňiz portuna ugradylmagyny gurady
04.07.2025 | 00:30 |«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ, ýurdumyzyň demirýol ulaglarynda konteýner gatnawlarynyň operatory bolmak bilen, halkara multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde uly möçberlerde dürli görnüşdäki ýükleriň gatnawlaryny amala aşyrmaklyga dowam edýär.
TULM Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda ýurdumyzda ilkinji bolup, Hytaý Halk Respublikasynyň Çžetýan şäherinden ugran 50 sany 40’ft ýükli synag konteýner otly düzümini Gazagystan Respublikasynyň çäginden ýurdumyzyň Serhetýaka demir ýol geçelgesinden geçirip Türkmenbaşy deňiz porty arkaly türkmen milli fider gämisinde Baku halkara deňiz portuna ugradylmagyny gurady.
"Ýokarda agzalan täze halkara multimodal geçelgesi öz gezeginde halkara ýük gatnawlarynda ýükleriň möçberleriniň has-da artmagyna, şol sanda, berilýän hyzmatlaryň has-da kämilleşmegine öz goşandyny goşar" - diýip, TULM-niň web sahypasynda habar berilýär.
ORIENT