TCL Nxtpaper 11 Plus: kagyz ýaly ekranly planşet
04.07.2025 | 14:55 |TCL kompaniýasy ABŞ-da Nxtpaper 11 Plus planşetini çykardy, ol diňe Walmart arkaly $249 bahadan satylýar. Enjamyň esasy aýratynlygy — şöhleleri azaltýan we kagyza meňzeýän, ýalpyldysyz Nxtpaper 4.0 ekranydyr.
Planşet 11,5 dýuýmlyk IPS LCD ekrany bilen üpjün edilendir, onuň durulygy 2.2K bolup, täzeleniş ýygylygy 120 Hz-dir. Ekran ýörite şöhle garşy nano örtük bilen örtülendir we uýgunlaşýan ýagtylygy üpjün edýär.
Nxtpaper 11 Plus Android 15 operasion ulgamy bilen işleýär we MediaTek Helio G100 prosessor bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem, ol 8 GB operatiw ýady we 256 GB içki ýat bilen üpjün edilendir. Ekrany üýtgetmek üçin ýörite Nxtpaper düwmesi bar.
Enjamda 8000 mA/s ýerlik batareýa bar we ol 33 W tiz zarýad bermegi goldaýar. Şeýle hem, 8 MP esasy we 8 MP öň kamera bilen üpjün edilendir. Wi-Fi 5 we Bluetooth 5.3 mümkinçiligi bar. Planşetde öýjükli aragatnaşyk (SIM) we NFC ýok.
Nxtpaper 11 Plus modeliniñ agramy 490 gram, galyňlygy bolsa 6.55 mm. Onyx Black (gara) reňkinde elýeterlidir.
ORIENT