Aşgabat ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününi hyzmatdaşlyk we medeni alyş-çalyş ruhunda bellenildi
03.07.2025 | 23:58 |Aşgabat, 3-nji iýul | ORIENT. Türkmenistanyň paýtagtynda ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan gurnalan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň 249 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.
Bu çäre wekilleriň giň toparyny: diplomatik korpuslaryň, döwlet edaralaryň, şeýle hem Türkmenistanyň medeni, jemgyýetçilik we media toparlarynyň görnükli wekillerini bir ýere jemledi. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky barha ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň we özara düşünişmegiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Baýramçylyk atmosferasy şatlyk we hyzmatdaşlyk ruhundan doly boldy. Iki ýurduň baýdaklary we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününiň nyşanlary bilen bezelen ähli çäreler Amerikanyň rahat “gadymy obasyny” döredýän ýalydy.
Bu ýerde baýramyň ruhuna doly laýyk gelýän demokratiýa we açyklyk duýgusy höküm sürýärdi. Myhmanlar erkin gürleşip, dürli güýmenjelere we şatlykly bäsleşiklere gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.
Olardan has üstünlikli çykyş edenlere, baýramçylygy gurnaýjylar tarapyndan şatlykly we dostlukly ýadaýda ýatdan çykmajak ýadygärlik sowgatlary berildi.
Ýygnanlaryň öňünde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud türkmen dilinde çykyş etdi. Diplomat öz çykyşynda 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda Amerikanyň diňe bir milletiň döremegini däl-de, eýsem onuň döredilmegine itergi beren gymmatlyklaryň tassyklanmagyny hem belläp geçdi: garaşsyzlyk, erkinlik we bagtly durmuşa tarap ymtylyş. “Bu gymmatlyklar häzirki günde bize beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzy kemala getirmekde ýol görkeziji bolmagyny dowam edýär”.
Hanym Rud, netijeli hyzmatdaşlygy we mähirli garşylanandygy üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we ýurduň Hökümtetine kyn günlerde ABŞ-nyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem, hemaýatkärleriň esasy ornuny belläp geçdi – köpden bäri işleýän we ýakynda işläp başlan kompaniýalar. Olaryň goldawy “Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky ösdürilýän söwda gatnaşyklarynyň mysalydyr”.
Ilçi Rud ABŞ-nyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna çuňňur hormat goýýandygyny we 30 ýyl mundan ozal BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik oňyn bitaraplyk syýasatynyň bolsa bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ýardam edýändigini aýtdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üsti bilen, şol sanda “C5+1” formatda, ýurtlar howpsuzlygy güýçlendirmek, tebigy betbagtçylyklary dolandyrmak we ählumumy kynçylyklaryň çözgüdini tapmak üçin işleri alyp barmak bilen bir hatarda ykdysady, bilim we medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrýarlar.
Türkmenistanyň adyndan Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa çykyş etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we Garaşsyzlyk gününi bellemek – bu erkinlik we özboluşlylyga bolan islegini janlandyrýan we milletiň öz güýjüne bolan ynamyny güýçlendirýän iň ýokary milli gymmatlykdygyny belledi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy, birek-birege hormat goýmak we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky işjeň we uzak möhletli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ABŞ bilen giň ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin esas hökmünde ünsi çekdi – syýasy dialogdan ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy gatnaşyklara çenli.
Hususan-da, “C5+1” formatyň çäginde hyzmatdaşlygyň ösüşi, şol sanda Nýu-Ýorkda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň sammiti, türkmen-amerikan işewür geňeşiniň orny we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň geljegi (esasanam metanyň zyňyndylaryny azaltmakda) medeni mirasy gorap saklamak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi bellendi.
Mejlisiň Başlygy parlamentara hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi we bu ýere ýygnananlaryň hemmesini “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan eden 2025-nji ýyldaky çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
…4-nji iýulda bellenilýän ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni – bu bir ýönekeý milli baýramçylyk däldir. Bu häzirki zaman dünýäniň binýadyny emele getiren, döwlet gurluşy we adam hukuklary baradaky pikirlerimizi üýtgedýän pikirleriň çuňňur nyşanydyr. Bu gün, 1776-njy ýylyň 4-nji iýulynda Ikinji kontinental kongres Filadelfiýada Tomas Jefferson tarapyndan esaslandyrylyp taýýarlanan Garaşsyzlyk Jarnamasyny kabul etdi.
Bu resminama diňe bir Britan karollygyndan bölünip aýrylmak hakynda karar bolman, eýsem şol döwürde “öz-özünden aýdyň hakykatlar” ýaly görünýän zady yglan edýän Jarnamady: ähli adamlaryň deň ýaradylandygyny we Ýaradan tarapyndan aýrylmaz hukuklara eýe bolandygyny, ýagny olaryň arasynda ýaşamak, erkinlik we bagt gözlemek hukugy bar.
Jarnamada adamlar tarapyndan bu hukuklary üpjün etmek we özüniň adalatly ygtyýarlyklaryny dolandyrylýanlaryň razylygyndan almak üçin Hökümetiň döredilýändigini tassyklandy. Bu müňýyllyklaryň dowamynda patyşalyk däplerine garşy çykýan we halkyň özygtyýarlylygy hem-de öz-özüňi dolandyryş ýörelgelerini tassyklaýan ynkylabyň beýanatydy.
Amerikan halky üçin 4-nji iýul – bu Ýewropanyň aň-bilim ýörelgelerine esaslanyp, häzirki zaman demokratik döwletiň düýbüni tutan esaslandyryjy ata-babalarynyň edermenligini ýada salýan gün.
Bütindünýä jemgyýeti üçin, ol adamzadyň erkinlige, deňhukuklygyna we adalata bolan hemişelik islegini ýada salyjy bolup hyzmat eder we Ýeriň ýüzünde garaşsyzlyga we hukuga bolan hereketlerde köplere ylham berýär.
Amerikalylar bu güni bellemek bilen diňe bir geçmişe hormat goýmak bilen çäklenmän, eýsem öz milletiniň esasyny emele getiren beýik maksatlara ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar.
Kabul edişlikde baýramçylyk şatlygyny zehinli artist Jessika Linniň ýolbaşçylygyndaky amerikan rok topary güýçlendirdi. Olaryň joşgunly we hujuwly çykyşlary amerikan medeniýetiniň dürlüligini görkezýän ajaýyp aýdym-saz sowgady boldy. Toparyň hujuwly çykyşy myhmanlardaky joşguny artdyrdy we erkinlik hem-de şatlykly atmosferany döretdi, bu ýerde her kim özlerini uly, dostlukly jemgyýetiň bir bölegini hökmünde duýdular.
Toparyň Türkmenistana sapary ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan başy başlanan has giň medeni alyş-çalyş maksatnamasynyň bir bölegidir. Özboluşly stili bilen tanalýan sazandalar çuňňur medeniýetara dialogy we özara düşünişmegi ösdürýän ýerli artistler bilen işjeň aragatnaşyk saklaýarlar.
Aşgabada gastrolynyň çäginde Jessika Linniň topary giň köpçülige açyk konsertleri berer: 5-nji iýul, şenbe güni, agşam “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde we 6-njy iýul, ýekşenbe güni agşam, “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde.
Bu çykyşlar paýtagtyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna amerikan aýdym-saz medeniýetinden lezzet almaga hem-de baýramçylygy dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna Aşgabatda geçirilen kabul edişlik iki ýurduň hem konstruktiw dialogy has-da pugtalandyrmak we ähli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan islegini tassyklady hem-de erkinligiň we hyzmatdaşlygyň umumy gymmatlyklary döwletara gatnaşyklary üçin ygtybarly esas bolup durýandygy nygtaldy.
Bekdurdy AMANSARYÝEW