Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy YHG-nyň sammitiniň meýdançasynda daşary ýurtly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdi
04.07.2025 | 18:48 |Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde geçirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 17-nji sammitiniň meýdançasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we esasy sebit başlangyçlaryny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklary geçirdi.
Diplomatik gepleşikleriň üns merkezinde – Türkmenistanyň sebitdäki durnuklylygy we ykdysady ösüşi üpjün etmekde möhüm ornuny tassyklaýan energetika we ulag-aragatnaşyk boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri boldy.
Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlylyk tassyklanyldy. Energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy we iki ýurduň sebit hem-de halkara ulag geçelgeleriniň esasy merkezi hökmünde strategiki orny nygtaldy.
Ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmagyň we özara söwdanyň möçberini artdyrmagyň, şeýle hem medeniýet, bilim, ylym we beýleki durmuş ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryna garaldy.
Pakistanyň Daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar bilen türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň meseleleriň giň toplumyna şeýle hem sebit we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamy ýaly sebit taslamalarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
BAE-niň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Soltan Ahmed Al Jaber bilen geçirilen gepleşiklerde energrtika ulgamynda, husasan-da gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu duşuşyklar, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de YHG-nyň sebitinde we onuň daşynda integrasiýany we gülläp ösüşi goldaýan iri taslamalary öňe sürmekde işjeň ornuny görkezýär.
ORIENT