Iň täze habarlar

Magtymguly adyndaky TDU-da çäre: parahatçylygyñ we Türkmenistanyñ Bitaraplygynyň çäklerinde bilim we ylym

05.07.2025 | 14:50 |
 Magtymguly adyndaky TDU-da çäre: parahatçylygyñ we Türkmenistanyñ Bitaraplygynyň çäklerinde bilim we ylym

4-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylym we bilim – ýurdumyzyñ parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň çeşmesi» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çäre Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Çärä uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda ylmyň we bilimiň ösüşi, halkara hyzmatdaşlyk, sanly tehnologiýalaryň orny we ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Esasy wakalaryň biri hökmünde, TDU-nyň mugallymlaryna we talyplaryna Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylmagy boldy. Dabaranyň baýramçylyk ruhuny «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetiren konsert maksatnamasy has-da artdyrdy.

Çäre tapawutlanan mugallymlary we talyplary sylaglamak üçin meýdança öwrüldi. Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary, 15-19-njy iýunda geçirilen 8, 10 we 12 ýaşly çagalaryň arasynda halkara küşt ýaryşynda meýletinçilik işleri üçin Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary bilen sylaglandy. Mundan başga-da, uniwersitetiň ýaş mugallymy daşary ýurt dillerini okatmakda innowasion usullary ulanandygy üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Diplomyna mynasyp boldy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: