Iň täze habarlar

TDBGI öňdebaryjylaryň arasynda: Milli reýtingiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy

05.07.2025 | 15:50 |
 TDBGI öňdebaryjylaryň arasynda: Milli reýtingiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy

2-nji iýulda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýyllyk reýting bahalandyrmasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bahalandyrma Türkmenistanyň bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 27-nji iýulynda çykaran №246 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrmasy hakyndaky Düzgünnama” laýyklykda alnyp baryldy. Bahalandyrma maglumatlary hakyky wagt tertibinde ýygnaýan we seljerýän milli onlaýn ulgamy arkaly geçirildi.

Reýting ulgamy ýokary hünär bilimiň ähli ugurlaryny 6 esasy ugur boýunça 53 şerte laýyklykda bahalandyrýar. Munuň bilen birlikde diňe bir ýokary okuw mekdebiniň işi däl, eýsem onuň fakultetleriniň, kafedralarynyň hem-de professor-mugallymlar düzüminiň alyp barýan işleriniñ hil derejesi hem göz öňünde tutulýar.

Bahalandyrmanyň netijelerine görä, institut umumy görkezijiler boýunça ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 4-nji orny eýeledi, mugallymlaryň we talyplaryň sany boýunça bolsa 3-nji orna mynasyp boldy.

Institutyň umumy görkezijilerinden başga-da, himiýa-tehnologiýa fakulteti fakultetleriň arasynda 2-nji orny eýeledi, “Diller” kafedrasy kafedralaryň arasynda 3-nji orna mynasyp boldy, şeýle hem “Ýokary matematika” kafedrasynyň uly mugallymy we kafedra müdiri Sähetgylyç Gylyjow ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda 2-nji orna mynasyp boldy.

Dabaraly sylaglamak çäresinde ýeňijilere institutyň Kärdeşler arkalaşygynyñ komiteti tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

ORIENT

Foto: bilim.tm

Şeýle hem okaň: