Iň täze habarlar

Şu hepde Hytaýda: Esasy wakalar we ileri tutulýan ugurlar

05.07.2025 | 17:20 |
 Şu hepde Hytaýda: Esasy wakalar we ileri tutulýan ugurlar

The China Briefing geçen hepde Hytaýda bolup geçen möhüm wakalaryñ we halkara gün tertibindäki işjeň gatnaşygyny, şeýle hem içerki başlangyçlaryň ösüşini beýan edýän hepdelik synyny neşir etdi.

1. Ykdysadyýet: Bitewi milli bazar ugrunda

1-nji iýulda HHR-iñ Başlygy Si Szinpin Merkezi maliýe-ykdysady meseleler boýunça toparynyñ mejlisinde çykyş edip, bitewi milli bazaryň döredilmeginiň we deňiz ykdysadyýetiniň ösdürilmeginiň möhümdigini nygtady. 2022-nji ýylyň aprelinde başlanan bu strategiýa bazaryň bölünmegini we ýerli proteksionizmi aradan aýyrmak arkaly ýokary hilli ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär. Şu ýylyň ýanwarynda Hytaýyň ösüş we özgertmeler boýunça milli topary (NDRC) ykdysady ösüş üçin böwetleri aradan aýyryp biljek bu başlangyjy durmuşa geçirmek üçin ýörelgeleri hödürläpdi.

2. ABŞ bilen söwda: Eksport gözegçiliginiñ gowşamagy

Hytaý bilen ABŞ London çarçuwaly ylalaşygyň şertlerini iş ýüzünde amala aşyrmaga başlady. 4-nji iýulda HHR-iñ Söwda ministrligi Hytaý tarapyndan eksport rugsatnamalaryna berilýän ýüzlenmelere seredilýändigini tassyklady, ABŞ bolsa mikroçip programma üpjünçiligi we etanyň eksportyna girizilen käbir çäklendirmeleri aýyrandygyny habar berdi. Netijede, Synopsys, Cadence Design Systems we Siemens ýaly dünýä belli EDA elektron taslamagy awtomatlaşdyrmak üçin programma üpjünçiligi öndürijileri hytaýly müşderiler üçin hyzmatlaryny dikeldip başladylar.

3. Diplomatiýa: Hytaý–ÝB sammitiniň öňüsyrasyndaky Wan Iniň Ýewropa sapary

Hytaýyň daşary işler ministri Wan Iniň Ýewropa amala aşyran 7 günlük sapary Hytaý–Ýewropa Bileleşigi sammitine taýýarlyk hökmünde möhüm ähmiýete eýe boldy. Wan I Ýewropa liderleri bilen geçiren gepleşiklerinde Hytaý babatda pragmatik we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, “Hytaý — Amerikanyň Birleşen Ştatlary däldigini” belledi. Şeýle hem ukrain meselesine degişli parahatçylykly gepleşikler we seýrek ýer metallar bilen baglanyşykly eksport meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

4. Hakyda: Ikinji Jahan urşundaky Ýeňşiň 80 ýyllygy

3-nji iýulda HHR Hytaý halkynyň ýapon basybalyjylaryna garşy urşunda (1931–1945) we Bütindünýä faşizme garşy uruşdaky ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreleri we sungat eserlerini hödürledi. Bu uruşda 35 milliondan gowrak hytaýly heläk boldy. Bu waka giňden 3-nji sentýabrda Hytaýda Ýeňiş güni hökmünde bellenilýär. Bu sene Ýaponiýanyň 1945-nji ýylyñ 2-nji sentýabrynda kapitýulýasiýa aktyna gol çekmegine bagyşlanýar.

5. Harby-deňiz güýçleri: Uçargöterijileriñ türgenleşikleri we Gonkonga sapar

30-njy iýunda Hytaýyň Halk Azat Ediji Goşunynyñ (HHAEG) Harby-deňiz güýçleri uzak deňiz giňişliginde, şol sanda Ýuwaş ummanynyň günbatar böleginde geçiren harby türgenleşikleriniň tamamlanandygyny yglan etdi. 3-nji iýulda “Şandun” atly uçargöteriji uçarman söweş uçarlary we deňiz pyýadalary bilen Gonkonga bäş günlük sapar bilen geldi. Bu saparyň çäklerinde köpçülikleýin ekskursiýalar guraldy. Bu sapar şäheriň Hytaýyñ düzümine dolananlygynyň 28 ýyllygyna gabat geldi.

ORIENT

Foto: iStock

Şeýle hem okaň: