Iň täze habarlar

Türkmenistan Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döretdi

12.07.2025 | 02:43 |
 Türkmenistan Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döretdi

Türkmenistanda “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly täze ýubileý medaly döredildi. Degişli Kanuna 11-nji iýulda, anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowanyň habar berişi ýaly, taslamany taýýarlamak boýunça işler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyrygyna laýyklykda alnyp baryldy.

Ýubileý medaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurduň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda gazanan üstünliklerine mynasyp goşant goşan adamlara gowşurylar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: