Iň täze habarlar

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Fransiýanyň Milli güni bilen gutlady

14.07.2025 | 05:30 |
 Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Fransiýanyň Milli güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu baýramçylyk şu gün, 14-nji iýulda bellenilýär.

“Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi. Biz netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegini goldaýarys” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda aýdylýar.

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.


Bastiliýanyň eýelenen güni: Fransiýanyň erkinliginiň we jebisliginiň nyşany

14-nji iýul – Fransiýanyň esasy milli baýramçylyklarynyň biridir, bu ýurduň taryhynda täze eýýamyň başlangyjyny alamatlandyr. 1789-njy ýylda şu günde Parižde ýerleşýän orta asyr galasy – Bastiliýa eýelendi. Bu bina absolutizmiň we zulumyň nyşany hasaplanýardy. Bu waka Beýik Fransuz ynkylabynyň başlanmagyna güýçli itergi boldy.

xlarge_optimized_Adobe_Stock_278443003_0c7bcaae5f.jpg

1880-nji ýyldan bäri 14-nji iýul resmi taýdan Fransiýanyň Milli Baýramy hökmünde bellenilýär. Bu gün, milletiň agzybirligini, olaryň erkinlik, deňlik we doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan dabaraly ýörişler we köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Esasy harby ýöriş müňlerçe tomaşaçyny bir ýere jemläp, däp bolşy ýaly Parižiň Ýeliseý meýdançalarynda geçirilýär.

ORIENT

Foto: france.fr

Şeýle hem okaň: