Samsung Galaxy Z Fold7: Ilkinji synaglar onuň täsin berkligini tassyklaýar
29.07.2025 | 14:30 |Täze eplenilýän Samsung Galaxy Z Fold7 smartfonynyň ilkinji synaglary onuň täsin ygtybarlylygyny görkezdi. Bu synaglar Gupta Information Systems atly YouTube ýaýlymy tarapyndan geçirilip, enjamyň iň agyr şertlere durnuklylygyny barlamaga gönükdirilendi.
Synaglaryň dowamynda Galaxy Z Fold7 dürli täsirleriň astynda galdy: ony doňdurdylar, çäge bilen dürli suwuklyklaryň – gazly içgileriň we arassalaýjy serişdeleriň – içine salar ýaly synag etdiler. Şeýle hem smartfonyň ýüzüni çyzdylar we ýere gaçyryp gördüler, gündelik ulanyşda ýüze çykyp biljek zeperleri gaýtaladylar.
Bu agyr synaglara garamazdan, Galaxy Z Fold7 doly işjeňligini saklap galdy. Onuň korpusynda çyzgylar peýda bolup, käbirleri çuň bolsa-da, enjamyň işleýşine hiç hili zyýan ýetmedi. Bu ýagdaý Samsung kompaniýasynyň diňe bir inçe däl, eýsem aýratyn berk eplenilýän smartfon döretmegi başarandygyny aýdyň görkezýär.
ORIENT