Iň täze habarlar

Ilon Mask Grok 4-niň GPT-5-den öňe geçmegi bilen Grok 4.20 barada yglan etdi

12.08.2025 | 17:30 |
 Ilon Mask Grok 4-niň GPT-5-den öňe geçmegi bilen Grok 4.20 barada yglan etdi

xAI kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask X sosial ulgamynda täze dil modeliniň — Grok 4.20 wersiýasynyň çykandygyny yglan etdi. Telekeçi bu modeliň awgust aýynyň ahyryna çenli SimpleBench belliginde birinji orny eýelejekdigine umyt bildirdi. Bu beýanat bir ulanyjynyň häzirki Grok 4 wersiýasynyň täze GPT-5 bilen deňeşdirilende ýokary netijeler görkezendigini belläp geçmeginden soň edildi.

Häzirki wagtda Grok 4, ARC-AGI we ARC-AGI-2 synaglarynda GPT-5-den öňe geçdi, SWE-bench synagynda bolsa iki model hem deň netije görkezýär. Kämilleşdirilen Grok 4 Heavy wersiýasy hem Humanity's Last Exam synagynda GPT-5 Pro-dan az-owlak ýokary netijä eýe boldy.

Grok 4.20 wersiýasy diýlip aýdylýan zatlaryň anyk nämedigi entek belli däl. xAI-nyň resmi ýol kartasynda bu döwre degişli beýleki täzelenmeler — Grok 4 Coder we Grok 4 V2 ýaly taslamalaryň çykmagy meýilleşdirilen, şonuň üçin Maskyň täze at bilen şolaryň birini yglan eden bolmagy mümkin diýip çak edilýär.

ORIENT

Foto: habr.com

Şeýle hem okaň: