Turkish Airlines Hytaýa gatnaw sanyny köpelder
14.08.2025 | 16:25 |Turkish Airlines (THY) awiakompaniýasy Hytaýa uçuş maksatnamasyny giňeltmek kararyna geldi. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Bilal Ekşi sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.
2025-nji ýylyň 26-njy oktýabryndan başlap, Hytaýyň üç şäherine amala aşyrylýan hepdelik ýolagçy uçuşlarynyň sany 21-den 31-e çenli artdyrylar. Hususan-da, meýilnamada Pekine 10, Şanhaýa 11 we Guançžoua 10 gatnaw göz öňünde tutulýar.
“Türkiýe ösýär, THY belentde uçýar” - diýip, Ekşi uçuş ugurlarynyň giňeldilmegini teswirledi.
Awiakompaniýanyň saýty: https://www.turkishairlines.com/
Turkish Airlines kompaniýasynyň Aşgabatdaky satuw edarasy şu salgyda ýerleşýär: G. Kuliýew köçesi, 39-njy jaý, Ussat binasy. Elektron poçta: askabatbıletsatıs@thy.com