Aşgabatda ýaş futbolçylaryň kabul edişligi geçiriler
14.08.2025 | 14:20 |Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetiniň Futbol boýunça Olimpiýa ätiýaçlyk ýöriteleşdirilen çagalar we ýetginjekler mekdebi 2018-nji ýylda doglan çagalaryň kabul edilýändigi barada habar berdi.
Kabul edişlik 2025-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda «Aşgabat» stadionynda sagat 08:00-dan 11:00-a çenli geçiriler. Gatnaşmak üçin dalaşgärler ýany bilen sport lybasyny, dogluş baradaky şahadatnamasynyň nusgasyny we 3×4 sm ölçegli bir suraty getirmeli.
Çärä diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşyp biler. Ol futbol bilen durmuşyny baglamak barada arzuw edýän zehinli ýaş türgenleri tapmak we ösdürmek maksady bilen geçirilýär.
ORIENT