Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edişligi dowam edýär
13.08.2025 | 17:33 |Türkmenistanyň sanly tehnologiýalarynyň ösüşine gönükdirilen «Sanly çözgüt – 2025» innowasion taslamalarynyň bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edişligi dowam edýär. Gatnaşmak üçin telecom.tm «Türkmentelekom» EAK-nyň resmi saýtynda 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli hasaba alynmak mümkin.
Bäsleşik esasy ugurlary öz içine alýar: emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” şäher konsepsiýasy, sanly lukmançylyk, elektron bilim hem-de hyzmatlar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy.
Taslamalar döwrebaplylygy, innowasion aýratynlyklary, ykdysady taýdan netijeliligi, peýdalanmakda amatlylygy, dizaýn çözgüdi, kanunçylyga laýyklylygy, şeýle-de özboluşlylygy we programma üpjünçiligi üçin çeşme kodunyň barlygy boýunça seljeriler. Gatnaşyjylar şahsy ýa-da üç adama çenli topar görnüşinde çykyş edip bilerler.
Hasaba alynmak üçin arzany, gatnaşyjylaryň pasport nusgalaryny hem-de taslamanyň düşündirişini tabşyrmaly.
Ýeňijiler «Türkmentel – 2025» atly XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde yglan ediler. Sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
ORIENT