Samsung One UI 8 beta görnüşini beýleki Galaxy smartfonlaryna hem giňeltdi
16.08.2025 | 18:30 |Täzelenmeleriň çykarylyş depginini çaltlandyran Samsung kompaniýasy, Android 16-a esaslanýan One UI 8 beta görnüşiniň elýeterliligini giňeltdi. Ilkibaşda bu görnüş diňe Galaxy S25 seriýasy üçin niýetlenipdi, indi bolsa beýleki flagman enjamlar üçin hem elýeterlidir.
One UI 8 beta synag maksatnamasyna häzirki wagtda aşakdaky modeller girýär:
• Galaxy S25, S25+, S25 Ultra
• Galaxy S24, S24+, S24 Ultra
• Galaxy Z Fold 6
• Galaxy Z Flip 6
Şeýle-de bolsa, beta görnüşi diňe käbir sebitlerde elýeterli we gatnaşmak üçin ýerleriň sany çäklidir. Häzirki wagtda täzelenme ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Germaniýada, Günorta Koreýada we Hindistanda elýeterli, sentýabr aýynda bolsa maksatnama has giňeldiler diýlip meýilleşdirilýär. Ýatda saklamak möhümdir: täzelenmeler tapgyrlaýyn ýagdaýda ugradylyp, olaryň siziň enjamyňyza gelmegi az-owlak wagt alyp biler.
ORIENT