Aşgabatda Doha we Abu-Dabi bilen diplomatik gün tertibe garadylar
15.08.2025 | 21:40 |Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ýagdaýda ösdürýär. 15-nji awgustda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda bir bada Katar we Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen iki sany ýokary derejede duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibindäki häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetine ýokary baha berdiler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hameliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler. Duşuşygyň ahyrynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has hem giňeltmekde özara gyzyklanma bildirildi.
Bir günde geçirilen duşuşyklaryň ikisi hem Türkmenistanyň köp ugurly daşary syýasatynyň we arap dünýäsindäki esasy hyzmatdaşlary bilen dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklary çuňlaşdyrmak isleginiň aýdyň tassyklamasy boldy.
ORIENT
Ozal
Türkmenistan Aziýadaky esasy hyzmatdaşlary bilen diplomatik dialogy ösdürýär
Diplomatik geografiýasy: ABŞ, Ýewropa, Afrika we Aziýa – Türkmenistanyň DIM-niň gepleşikleri