Parahatçylyk sazy, dostluk sazy: Moskwanyň konsertine sahnasynyň arkasyndan synlamak
15.08.2025 | 21:00 |Moskwa ýene-de Türkmenistandan baran zehinli bagşy-sazandalaryň üns merkezine öwrüldi. 15-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwanyň konserwatoriýasynda geçirilen “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly konsertiň öňüsyrasynda döredijilik wekiliýeti diňe bir çykyş etmek üçin däl, eýsem, bu baýry ýokary okuw jaýynyň özboluşly ruhuny duýmak üçin Russiýanyň paýtagtyna bardylar.
Gurbanmyrat Baýjykow (gyjak), Aýdar Bataýarow (skripka), Bahram Dolyýew (skripka), Elman Nasyrow (alt), Kakageldi Hojalekow (wiolonsel) hem-de Laçyn Hudaýberdiýewa (dutar) konserwatoriýanyň binasynda unudylmajak pursatlary başdan geçirdiler. Bu ýerler Mstislaw Rostropowiçden başlap, Swýatoslaw Rihtere çenli görnükli saz sungatynyň görnükli şahsyýetleri baradaky hakydany saklaýar.
Türkmen sazandalary uly taýýarlyk geçip, Pýotr Iliç Çaýkowskiniň özüniň öwreden we Sergeý Rahmaninowyň öwrenen zallaryny we okuw otaglaryny täze owazlar bilen doldurdylar. Şeýle hem Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň adyny göterýän Nury Halmämmedow ýaly türkmen kompozitorlarynyň ençemesi şu ýer bilen baglanyşyklydyr.
Gurbanmyrat Baýjykow bilen Laçyn Hudaýberdiýewanyň konserwatoriýanyň mugallymlary bilen duşuşygy aýratyn pursat boldy. Onda sazandalar döredijilik sungatyna we milli gurallaryň akustiki aýratynlyklaryna – gyjak we dutara bagyşlanan özboluşly tanyşdyryş çäresini geçirdiler.
Olaryň gürrüňleri, janly ýerine ýetirilen sazlar, tomaşaçylara türkmen halk sazlarynyň çuň we baý owazlary barada täzeçe garamaga mümkinçilik. Şeýle hem bu çärä Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Ýelena Osipowa gatnaşdy. Ýany ol öz ýurdunyň aýdym-saz mirasyna ylmy taýdan öwrenilmegine uly göwrümli goşant goşdy.
Konsertiň taýýarlygynyň çägindäki — Ýelena Osipowa bilen Ýewgeniýa Wolkowanyň “XX asyr rus we türkmen kompozitorlarynyň eserlerinde “Dogduk mekan we Ata Watan” atly temalaryndaky leksiýalary ýene bir möhüm waka boldy. Bu çäre, iki ýurduň aýdym-saz mirasynda ugurdaşlygy we umumy gymmatlyklary açyp görkezýän medeni dialogyň ajaýyp mysaly boldy.
Döredijilik atmosferasyndan lezzet alyp we Moskwadaky ajaýyp ýerlere, şol sanda Zurab Tsereteli sungat galereýasyna baryp gören türkmen sazandalary sahna çykmaga doly taýýardylar. Olaryň çykyşlary diňe bir konsert bolman, eýsem Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli alyş-çalyşyň aýdyň nusgasyna öwrüldi.
ORIENT