Iň täze habarlar

Turkish Airlines Condé Nast Traveler neşirine görä dünýäniň iň gowy 5 awiakompaniýasynyň hataryna girdi

27.10.2025 | 17:45 |
 Turkish Airlines Condé Nast Traveler neşirine görä dünýäniň iň gowy 5 awiakompaniýasynyň hataryna girdi

Condé Nast Traveler žurnalynyň guran Readers’ Choice Awards 2025 bäsleşiginiň netijelerine laýyklykda, Turkish Airlines halkara arenasynda ornuny has-da berkidip, dünýäniň iň gowy awiakompaniýalarynyň sanawynda dördünji orny eýeledi. Ses berişlige bütin dünýä boýunça millionlarça syýahatçy gatnaşdy.

Sanawyň lideri Singapore Airlines boldy, ikinji orny Qatar Airways, üçünji orny bolsa Emirates eýeledi. Turkish Airlines bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki basgançak ýokary galdy.

1

Ilkinji bäşligiň hatarynda La Compagnie awiakompaniýasy hem bar. Sanawda ondan soň Virgin Atlantic, Korean Air, Cathay Pacific, Japan Airlines (JAL) we All Nippon Airways (ANA) ýerleşýär.

Condé Nast Traveler-iň reýtingi hyzmatyň hilini, uçuş ugurlarynyň amatlylygyny, uçardaky naharlary, ýolagçylaryň täsirlerini we umumy kanagatlylyk derejesini göz öňünde tutýar. Her ýyl dürli ýurtlardan millionlarça okyjy peýdalanan awiakompaniýalaryna ses berýär, bu bolsa pudagyň iň ygtybarly öňdebaryjylarynyň döwrebap sanawyny düzmäge mümkinçilik berýär.

Foto: turkishairlines.com

Şeýle hem okaň: