Iň täze habarlar

Coursera: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin Stenford we Google okuwlary elýeterli bolar

29.10.2025 | 17:30 |
 Coursera: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin Stenford we Google okuwlary elýeterli bolar

Waşingtonda geçirilen iş duşuşygynyň çäklerinde Coursera platformasynyň wekilleri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetine ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hödürlediler. Hyzmatdaşlygyň esasy ugry – dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri we kompaniýalary tarapyndan taýýarlanylan häzirki zaman mazmunyna elýeterlik bermek, şeýle hem okatmagyň hilini dolandyrmak üçin seljeriş gurallary ornaşdyrmakdyr.

Coursera giň gerimli katalogyny görkezdi, ol Stenford uniwersitetiniň, Miçigan uniwersitetiniň we «Ivy League» toparyna girýän uniwersitetleriň okuwlaryny we maksatnamalaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, Google, Meta, IBM we Amazon Web Services ýaly dünýäde tanalýan tehnologiýa öňdebaryjylarynyň sertifikatlaşdyrylan maksatnamalary hem elýeterdir.

Bu mazmuna birikmek we garaşsyz baha beriş serişdelerini ulanmak, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuw mazmunyny we usullaryny halkara ölçeglerine laýyk derejä ýetirmäge mümkinçilik berer diýip garaşylýar.

Coursera-nyň teklibiniň esasy bölegi – «mazmun – baha – seljeriş – dolandyryş çözgütleri» görnüşindäki doly bilim ulgamydyr.

Dolandyryjylar we mugallymlar görkezijileri wizual görnüşde görkezýän gözegçilik paneline elýeterliligi alarlar. Bu mümkinçilikler olaryň:

• Talyplarda başarnyklarynyň ösüşini yzarlamagyna,

• Okuw taýýarlygyndaky boşluklary ir tapmagyna,

• Okuw ugurlaryny we ders meýilnamalaryny wagtynda düzetmäge mümkinçilik berer.

Bu çemeleşme bilim almazdan formal bahalandyrmany aradan aýyrmaga, şeýle hem diplom ýa-da şahadatnama alan uçurymyň hakykatdan-da zerur bilimleri özleşdirendigine kepil geçmäge gönükdirilendir.

Coursera ilkinji nobatda ýokary ýyl talyplary we esasy ugurlar boýunça (IT, inženerçilik, energetika) mugallymlar üçin çäklendirilen synag taslamany başlamagy teklip etdi. Türkmenistanyň wekiliýeti bu teklibe gyzyklanma bildirdi we hyzmatdaşlygyň gurallaryny has jikme-jik işläp taýýarlamaga taýýardygyny tassyklady.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: